Tebigatyň nygmaty

16 Awgust 2021
1322

Türkmen tebigaty ösümlikler we janly-jandarlar dünýäsine baýdyr. Tebigatyň ynsanlara eçilen nygmatlarynyň arasynda ary balynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda uly ähmiýeti bardyr. Ol diňe bir iýmit däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda çig mal hökmünde hem ulanylýar. Ary baly adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni alýar we bedeni gurplandyrýar. Halk lukmançylygynda ary balyndan has irki döwürlerde hem peýdalanypdyrlar.

Ary baly öz düzüminde C, E, B ýokumlaryny, alýumin, sink, nikel, ýod, demir, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementleri, foliý we pantoten turşusyny saklaýar. Ary baly wiruslara garşy antibakterial häsiýete eýedir. Ol sowuklama kesellerinde burun dykylmasynyň öňüni alýar, üsgülewügi bejerýär. Arynyň baly garylan süýt sowuklamany bejermekde has-da peýdalydyr. Baly bellenen möçberde yzygiderli ulanmak işe ukyplylygy artdyrýar, sport türgenleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.