HABARLAR

Baharyň waspy

(Şahyrana oýlanma) Arly gyş egnine ak ýorgany ýapynyp ýatan mes toprak ir baharyň bol Güneşiniň nuruna gerinjiredi. Daýhanyň geçen güýz topraga atan tohumyny bu gün görmäge göz gerek. Ene ýere mäkäm penje uran güýzlük bugdaýyň göm-gök maýsasy ýaz ýeline özboluşly şybyrdap, tolkun atýar. Ýaňy dürterip ugran ýylakdyr gyrtyçlaryň üstündäki çyg damjalary Gün nury bilen çaknyşyp, göz gamaşdyryjy ýalkymy emele getirýär. Çyg düşen otlaryň arasyna girersiň welin, aýagyň dyzyňa çenli öl-suw bolar. Güjük, pişik ýaly haýwanlar çyg düşen otluga girmäge ýaýdanýarlar. Sebäbi çygda olaryň aýaklarynyň tüýleri ezilip, üşeýär. Goýun-guzy, owlak-geçi çyg düşen oty her niçik ajyksalar hem iýmezler. Sebäbi çygly maýsany iýseler, olar içleriniň sanjylajakdygyny bilýärler.

Durmuşyň bezegi

Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna aýdyň ýollar açylýar. Aşgabatda hereket edýän ulaglaryň elýeterliligi, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygy, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy göwnüňi galkyndyrýar, paýtagtymyza söýgimizi goşalandyrýar. Ak mermer paýtagtymyzyň gül goýnunda eziz Diýarymyzyň syýasy we ykdysady wakalary, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri, durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen, tebigat bilen sazlaşýan Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeltmek arkaly täze ýaşaýyş binalary, durmuş maksatly desgalary bilen ýurdumyza görk berýär, paýtagtymyzda şähergurluşyk wezipeleriniň netijeli amala aşyrylmagy durnukly ösüşiň keşbini şöhlelendirýär.

Bagy-bossan Diýarym

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, obalarymyzyň töwereklerinde ýaşyl zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde her ýylda bag ekmek işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Miweli we saýaly agaçlaryň sanyny köpeltmek arkaly sesleriň, ýeliň güýjüni peseltmek, ýylylygy hem daşky gurşawyň howasynyň adam üçin has arassa bolmagyny gazanmaga uly ähmiýet berilýär. Howamyzyň arassa bolmagy üçin ak ýollarymyzyň ugrunda, dürli seýilgählerde ekilýän agaçlaryň möhüm orny bar. Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär.

Daşky gurşawy goramak – derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halk

Biler bolsaňyz!

Benewşe reňkli bugdaý Russiýanyň K.A.Timirýazew adyndaky döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary bugdaýyň täze sortuny ösdürip ýetişdirdiler. Onuň däneleri benewşe (fioletowyý) reňkdedir.

Köýtendag gözellikleri

Eziz Diýarymyza bahar pasly geldi. Baharyň jana hoştap howasy, adaja öwüsýän şemaly her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Şeýle hem bahar pasly tebigatyň janlanýan, gözel keşbe eýe bolýan döwrüdir. Şeýle ajaýyp gözelligi ýurdumyzyň owadan künjegi bolan Köýtendagda hem görmek bolýar. Köýtendag döwlet goraghanasynyň merkezi bagyndan üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Hojagarawul deresi hem örän täsindir. Şonuň üçin hem ol ýerden guşlar barada käbir ylmy maglumatlary almak mümkin. Baharyň ýürekleri joşa getirýän wagty haýwanlar hem ikiýana at salýarlar, ähli zat hereketde. Bahar otlarynyň ýüzlerçe görnüşi dag eteklerinde we derelerde ösüp, dürli güllere bürenýärler. Dürli otlaryň daş-töwerege ýaýradýan ysy bark urýar. Bularyň hemmesi türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligidir.

Ba­gy-bos­san Di­ýa­rym

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Türk­men hal­ky geç­miş dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap gel­ýär. Dün­ýä­niň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­ri­niň esa­sy ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, has ta­ky­gy, dag çeş­me­le­ri, amat­ly ho­wa gur­şa­wy bu ýer­le­riň ösüm­lik dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gyn­da wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Ge­çi­ri­len ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ga­dy­my dö­wür­ler­de hem gül­läp ösen ýaý­la­la­ryň bo­lan­dy­gy, paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy, mi­we­li bag na­hal­la­ry­ny giň­den ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Agaç­lar adam zäh­me­ti­niň jan­ly ýa­dy­gär­li­gi bo­lup, onuň te­bi­ga­ta söý­gü­si­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Güllere yhlas edip

Gün dogup, ýaňy daň agaryp başlanda, gülçi zenan Jeren Hudaýkulyýewa iş ýerine ugraýar. Ýaz gününiň säheri şäheriň görkana keşbini barha nurlandyrýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygynyň şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň ýyladyşhanasynda gülçi bolup işleýän bu zenanyň her iş güni şeýle gözel görnüşler bilen başlanýar. Ol bu asylly kärde 24 ýyl bäri yhlasly işlemek bilen, halypalyga ýetişdi. Şäher eteginde ýerleşýän ýyladyşhananyň gülçüleri dürli görnüşli gül ýetişdirip, olary şaýollaryň ugrunda ýörite gabaraly güldanlarda oturdýarlar. Gözýetime uzap gidýän ýaşyl zolak Zemine begres ýazylan ýaly bolup görünýär. Hatar jaýlaryň çar ýany, meýdançalar gülzarlygy ýada salýar. Bu gözel görnüşe älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri aýratyn öwüşgin berýär. Tebigy sazlaşyk gözellik mukamyna meňzeýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Bahar — köňülleriň aýdymy

Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň — ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp.