Ýaz pasly bilen bagly halk ýorgutlary

28 Fewral 2024
1263

Eger ir baharda ýyldyrym çala çakyp, gök gürrüldisi eşidilmese, onda ýyl gurak bolar.
***
Ýaz günleri bürgüt al-asmana çykyp gaýyp ýörse, ertesi ygal bolmaz.
***
Bägülüň ir säher açylmaly gunçalary açylmadyk bolsa, ýagşyň ýagmagyna garaşyber!
***
Ir baharda ýagan ýagyş baglaryň golunda doňup, buz emele getirse, ýaz wagty bilen sowulmaz.
***
Ýazyna howa sowuk bolsa, tomusda-da ýagşyň ýagmagyna garaşyber!
***
Ýaz günleri ir bilen ikatýogyň sesini eşitseň, açyk howa bolar.
***
Durnalar ir baharda gaýdyp gelseler, ýaz ýagynly, bol ot maýsaly bolar.
***
Garga baharda suwa barsa, yssy adatdakysyndan ir düşer.
***
Ikatýok baglar ýapraklamanka gaýdyp gelse, ýyl gurak bolar.
***
Yssy ýurtlarda gyşlap gaýdyp gelýän gazlar al-asmandan uçup gelseler, ýaz ýagynly boljakdyr.
***
Eger ýaz ýagşy ýaganda suwda düwmejikler ýasasa, ygal köp düşer.
***
Ýagyp başlanda damjalary iri bolsa, ýagyş tiz diňer.
***
Bulutlar asmanda tizlik bilen geçip gidýän bolsa, basym açylganlyk bolup Gün çykar.
***
Bahar agşamy bilbil ýatman saýrasa, ertesi ýagşyň ýagjagynyň alamatydyr.

Toplan Eneş MOLLABAÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.