«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024
Türkmen halky geçmiş döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşap gelýär. Dünýäniň ösen gadymy medeniýetleriniň esasy ojaklarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, has takygy, dag çeşmeleri, amatly howa gurşawy bu ýerleriň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda wajyp orny eýeläpdir. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerde hem gülläp ösen ýaýlalaryň bolandygy, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk bilen meşgullanandygy, miweli bag nahallaryny giňden ösdürip ýetişdirendigi baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy. Agaçlar adam zähmetiniň janly ýadygärligi bolup, onuň tebigata söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr.