Güllere yhlas edip

11 Mart 2024
1136

Gün dogup, ýaňy daň agaryp başlanda, gülçi zenan Jeren Hudaýkulyýewa iş ýerine ugraýar. Ýaz gününiň säheri şäheriň görkana keşbini barha nurlandyrýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygynyň şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň ýyladyşhanasynda gülçi bolup işleýän bu zenanyň her iş güni şeýle gözel görnüşler bilen başlanýar. Ol bu asylly kärde 24 ýyl bäri yhlasly işlemek bilen, halypalyga ýetişdi.

Şäher eteginde ýerleşýän ýyladyşhananyň gülçüleri dürli görnüşli gül ýetişdirip, olary şaýollaryň ugrunda ýörite gabaraly güldanlarda oturdýarlar. Gözýetime uzap gidýän ýaşyl zolak Zemine begres ýazylan ýaly bolup görünýär. Hatar jaýlaryň çar ýany, meýdançalar gülzarlygy ýada salýar. Bu gözel görnüşe älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri aýratyn öwüşgin berýär. Tebigy sazlaşyk gözellik mukamyna meňzeýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».