HABARLAR

Bezeg berýän guşlar

Dünýäde köp görnüşliligi, üýtgeşik reňkliligi, beýleki guşlara görä aňynyň ösenligi bilen tapawutlanýan toty guşlaryň üç ýüz görnüşi bar. Käbir öýlerde şol guşlaryň dürli görnüşleri saklanýar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde bezeg berýän guşlaryň iki sanysy eldekileşdirilipdir. Soňra olar dört-bäş ýyllykda erkinlige seýilgähe goýberilen. Bagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň sany şu wagt on bäş-on alta ýeten bolmaly. Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnynda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär. 1769-njy ýylda Italýanyň hem Awstriýanyň tebigaty öwrenijisi Jowanni Kopoli bu uzyn guýrukly guşy bir görnüş hökmünde anyklaýar. J.Kopoli zoolog Wilgelm Krameryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen bu toty guşa alymyň adyny dakýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki g

Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

Tebigy täsinlikleriň dünýäsinde

ýa-da Bathyz goraghanasyna syýahat Bathyz belentligini — baýyrlykdyr sährasyny, ýoluny-ýodasyny paý-u-pyýada geçen bolsam-da, bu ýerlerde ýaşaýan haýwanlary, ösümlikleri tanap, görüp ýörsem-de, Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasyna ilkinji gezek gelşimdi. Goraghananyň ylym bölüminiň hünärmeni, bu ýerleriň aýratynlygy boýunça ylmy iş alyp barýan Maýa Sapargylyjowanyň: «Ilkinji gezek gelýän bolsaňyz, sizi gyzyklandyrjak zatlar has-da köp bolar» diýmegi ugrunda bar eken.

Bereketli topragyň nygmaty

Güneşe baý türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja ekinleri, dürli miweler ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Ýurdumyzda has gadymy döwürden bäri ekilip gelinýän künjüdir zeýtun tebigatyň eçilen täsin ösümlikleri bolup, olaryň ikisinden-de ýag alynýar. Pederlerimiz bu gymmatly ekinleri ösdürip ýetişdirip, ýörite guralyň — juwazyň kömegi bilen olardan ýag alypdyrlar. Ynsan üçin peýdaly bolan künji we zeýtun ýaglary diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, halk lukmançylygynda-da giňden ulanylypdyr. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek babatda yzygiderli alada edýär. Munuň özi diňe bir mukaddes saçaklarymyzda, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmek baradaky alada bolman, halkymyzyň saglygy baradaky aladany hem öz içine alýar. Daýhanlarymyza uzakmöhletli ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň goýberilmegi, dökün, suw, tehnika bilen yzygiderli üpjün edilmegi ekerançylaryň, bagbanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklaryna oňaýly şertleri döredýär. Netijede, dürli gök we bakja ekinleri, miweli baglar bilen birlikde, künjüdir zeýtunyň ösdürilip

Tebigata sarpa goýmagy öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa – suw syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny gözelleşdirmek, ösümlik dünýäsini gorap saklamak we suwy tygşytly ulanmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy daşky gurşawyň baýlyklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini goramak ýaly ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň oturymly ýerlerinde çeşme-çaýlar, derýalar, bulaklar, howdanlar bolan. Bu bolsa ekerançylygy ösdürmäge, daýhançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem türkmen topragy irki döwürlerden ekerançylygyň kemala gelen ýerleri diýlip tanalýar. Munuň özi pähimdar pederlerimiziň tebigata aýawly çemeleşendiginden, suwy tygşytly ulanyp, ekerançylyk medeniýetini döredendiginden habar berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda, onuň baýlyklaryny goramakda oňat däpleriniň bardygyny aňladýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20-nji sanlarynda). Gaplaň bilen ýüzbe-ýüz

Kiçi çille

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir. Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18-nji sanlarynda). SYRTLAN

Tebigatyň goragynda ylmy çemeleşmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ähli ugurlar boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty depginli ösdürilýär. Bu pudaklarda ülkämiziň gözel tebigatyny, ynsan saglygy üçin zerur bolan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Güller zemine ýaraşykdyr

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda bägülleriň ýetişdirilişine hem aýratyn üns gönükdirilýär. Bägüller reňkleriniň owadanlygy we anbar saçýan ýakymly yslary bilen tapawutlanýar. Olar şeýle alamatlary boýunça bezeg gülleriniň arasynda birinji orny eýeleýär. Şoňa görä-de, olar ähli halklaryň arasynda uly söýgä we gyzyklanma eýedir. Köpýyllyk gyrymsy agaç bolan bägüller ir wagtlardan bäri seýilgähleri, baglary we ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki meýdançalary bezeýär.