Türkmenistanyň tebigatynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen döwletimizde goraghanalar we çäkli goraghanalar hereket edýär. 1928-nji ýylyň oktýabr aýynda Repetegiň daş-töweregindäki tebigatyň ajaýyplygyny goramak maksady bilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar bolup, bu ýerde çöl landşaftynyň ähli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda goraghananyň ösümlik dünýäsi 189 görnüşli bolup, şolardan sazak köpýyllyk agaç ösümligidir. Onuň köki çölde suw gatlagyna ýetýänçe, 18—20 metre çenli ösýär. Bu ösümlik jöwzaly yssa çydamly bolup, şahalarynda tiken görnüşli ösüntgileri bardyr. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz durkuny saklaýan ösümlikleriň biridir.
Sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, ýurdumyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.