Bereketli topragyň nygmaty

27 Ýanwar 2021
2009

Güneşe baý türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja ekinleri, dürli miweler ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Ýurdumyzda has gadymy döwürden bäri ekilip gelinýän künjüdir zeýtun tebigatyň eçilen täsin ösümlikleri bolup, olaryň ikisinden-de ýag alynýar. Pederlerimiz bu gymmatly ekinleri ösdürip ýetişdirip, ýörite guralyň — juwazyň kömegi bilen olardan ýag alypdyrlar. Ynsan üçin peýdaly bolan künji we zeýtun ýaglary diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, halk lukmançylygynda-da giňden ulanylypdyr.

Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek babatda yzygiderli alada edýär. Munuň özi diňe bir mukaddes saçaklarymyzda, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmek baradaky alada bolman, halkymyzyň saglygy baradaky aladany hem öz içine alýar. Daýhanlarymyza uzakmöhletli ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň goýberilmegi, dökün, suw, tehnika bilen yzygiderli üpjün edilmegi ekerançylaryň, bagbanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklaryna oňaýly şertleri döredýär. Netijede, dürli gök we bakja ekinleri, miweli baglar bilen birlikde, künjüdir zeýtunyň ösdürilip ýetişdirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Aýlar GÜÝJIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.