Mundan 150 million ýyl öň — ýura döwründe ilkinji guşlar peýda bolupdyr. Guşlaryň nesil başlangyjy ylymda entek belli däl. Çaklamalara salgylansaň, olar gadymky süýrenijilerden — ýura döwri başlamazyndan öňürti triýasda ýaşap geçen psewdozuhilerden gelip çykypdyr. Guşlaryň köpüsi howada uçmaga uýgunlaşandyrlar. Olaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar pingwinler, düýeguşlar, tersaýakşekilliler, gaýbuşlukçylar, gotanşekilliler, leglekşekilliler, gyzylgazşekilliler, gazşekilliler, laçynşekilliler, towukşekilliler, durnaşekilliler, çulukşekilliler, kepderşekilliler, totuguşlar, ikatýokşekilliler, baýguşşekilliler, gündizkörşekilliler, atgarlawaçşekilliler, guş-syçanlar, trogonlar, gökgarlakşekilliler, doňuzguşşekilliler, serçeşekilliler ýaly toparlara bölünýärler. Guşlaryň bedeniniň ýelek bilen örtülenligi, uçmaga ukyply bolýanlygy, bedeniniň gyzgynlygynyň hemişe bir derejede ýokary (37,80 — 45,50) bolýanlygy, ýüreginiň dört kameralydygy, ýumurtga (1-24 çenli) guzlap köpelýänligi, öň aýaklarynyň ganata öwrülendigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Guşlaryň iri sütükleri (ganat, guýruk, örtük ýelekleri) we ýelekleri bolýar. Guşlar örän özüneçekiji, guwandyryjy, ruhuňy göterijidir. Olar oňurgaly haýwanlaryň arasynda has bezemenleridir. Ýakymly owazlary, görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň olar bilen bäsleşip biljekleri ýok. Guşlar zeminiň ähli ýerinde mekan tutýarlar. Olar iň işjeň hereket edip älem giňişliginiň hemme ýerlerine aralaşýarlar we elmydama biz bilen ýanaşyk ýaşaýarlar. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda guşlaryň ähmiýeti köpdürli bolup, olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, olaryň tohumlaryny ýaýradýarlar, mör-möjekleriň we gemrijileriň sanyny kadalaşdyrýarlar. Guşlaryň görnüşleriniň birtopary eldekileşdirilip, adam tarapyndan çig mal, iýmit we höwes çeşmesi hökmünde peýdalanylýar. Laçynlar we beýleki ýyrtyjy guşlar bolsa, aw awlamakda hyzmat edýärler. Guşlaryň biz üçin çeperçilik we medeni ähmiýeti hem uludyr.