HABARLAR

Suw üpjünçiliginiň hukuk esaslary

Bagtyýar zamanada abadan durmuşda ýaşaýan, döredýän we gurýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklarymyzdan aýawly peýdalanyp, türkmen halkynyň ýaşaýşyny has gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz adamzadyň ekologiýa babatda ýurt, sebit we dünýä möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologiýa hem-de ykdysady bähbitlerini dogry we sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanda kabul edilýän milli maksatnamalarda ykdysady, söwda, durmuş we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşygy göz öňünde tutulyp, bu möhüm meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Baharda açylan güller owadan!

Şahyr güller hakyndaky goşgy setirlerinde: Ter gülleriň ýaňagynda Gün dogup, Şol gülleriň ýaňagynda Gün ýaşýar

Zenan görki — zemin görki

Bahar her ýurda öz gözelligi bilen gelýär. Tutuş tebigata jan berip, adamlaryň kalbynda aýratyn joşgun, göwünlerde ýakymly duýgulary döredýär. Bu ajaýyp baharda Halkara zenanlar gününiň dabaraly baýram edilmegi, bahar gözelligi bilen zenan gözelliginiň bitewüligini, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda aýal-gyzlara neneňsi hormat goýulýandygyny äleme ýaýýar. Ýazda gözellik bar, ýazda joşgun bar,Ýazda dowamat bar, ýazda bakylyk.Deňizler, derýalar, daglar küýseýär,Kebelekler ýaýradyp ýör çakylyk.

Ajaýyp güller

Güller — toý-baýramyň, şatlygyň, söýginiň, birek-birege bolan belent sarpanyň nyşany. Ynsanyň duýgusyny heýjana salmagy başarýan tebigatyň bu täsinligi barada juda gyzykly maglumatlar kän. Geliň, şolaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň. Gülleri adamlar dört müň ýyl mundan öň medeniýetleşdiripdir. Gadymy müsürlililer gülleriň gözelligine maýyl bolup, ony özbaşdak ösdürip başlapdyrlar. Orta asyrlarda güllere ideg etmek iň abraýly işleriň biri hasaplanypdyr. Eger-de kimdir biri bossanlykda ýetişdirilen güllere zeper ýetirse, oňa jerime salypdyrlar.

Owadan dünýäme ýaň sen, baharym!

— Bahar geldi! Bahar geldi, näzenin gyz ýaly, enaýylyk bilen her wagt bir damja bolup çisňeýän ýaz ýagşyny görsene! Ýaz ýagşyndan soň mele topragyň özboluşly ysyndan doýar ýaly däl, demiňe dartdygyňça dartasyň gelýär — diýip, ýaşlaryň şadyýan sesleri gül-gülüstan bolan meýdanda ýaňlanýar. — Ynha, sähel salymdan meýdan kömelekleri hem gabarlyp çykar, narpyz, ysmanak, baý-bow, olardan ýygyp, tagam taýýarlasaň, gör, nähili lezzetli bolar, hany geliň, gyzyl güläleklerden çemen bogup, mähribanlarymyza sowgat edeliň — diýip, ýene biri seslenýär.

Andyz

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda Bathyz belentliginde bitýän birnäçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Şolaryň arasynda bir öýli andyz bolup, ol kädiler maşgalasyna degişli, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bu seýrek duş gelýän ösümlik Bathyzda we Günorta – Günbatar Garagumda ösýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ösümlik berkleşen çägeliklerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda ösýär. Maý aýynda gülleýär, tohumyndan hem-de wegatatiw (kluben görnüşli kökler) arkaly köpelýär. Ýerli ilat bu ösümligi kähalatlarda köküniň bölegini ekmek arkaly ýetişdirýär. Ösümligiň şu görnüşiniň ösýän ýerinde gyrymsy agaçlary çapmaly däl, olary ekip, köpeltmeli.

Gül açylar baharda

Ýer togalagynyň öz okunyň daşyndan aýlanyp durmagy bilen tebigatda pasyllar çalşyp durýar. Heňňam döräp dowam edip gelýän bu kada, ine, bu gün bahar-ýazyň dünýämize hem kalbymyza dolmagyna sebäp boldy. Her gezek ýaz paslynyň ilkinji güni Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri kalbyma dolýar: Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar), Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Asylly däpleriň aýdyň dowamaty

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny hem-de medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20

Bahar geldi