Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabaralary özboluşly baýramçylyga öwrülýär. Bu işe ähli türkmenistanlylar işjeň gatnaşýarlar. Döredilýän tokaý zolaklary, seýilgähler daş-töweregiň gözelligini artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty uzak geljegi nazarlap, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen ýörite Karara gol çekmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Şol resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly ekiler. Bu ählihalk çäresine her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz zerurdyr.