HABARLAR

Nowruz — ýylyň ýaraşygy

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda geçmişimizi öwrenmäge, asylly däplerimizi we milli ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň şöhratly taryhy, baý mazmunly däp-dessurlary bar. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ine, bu gün hem türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda belleýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýere jan girip, gül-gülälekler açylýar, tebigat gyş ukusyndan oýanyp, ýaşyl donuny geýýär. Bahar pasly täzelenişiň, galkynyşyň pasly. Ol asyrlarboýy adamzadyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Bu döwürde türkmen halkynyň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz gününiň bellenilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky ajaýyp ýörelgesiniň şöhlelenmesidir. Nowruz diňe bir täze ýylyň gelmegini alamatlandyrman, eýsem, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, ynsanperwerlik, goňşuçylyk ýaly maddy we ruhy gymmatlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Baýramçylygyň dowamynda ýerine ýetirilýän däp

Dost-doganlygyň baýramy

Hormatly Prezidentimiz 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrýar. Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Gabagyn galdyryp, älem oýandy

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyza bahar pasly gelip, bütin tebigaty mahmal howasy bilen gaplap aldy. Tebigat gyşyň ýapan ak donuny çalşyryp, al-ýaşyl nagyşlara beslenen owadan lybasyny geýdi. Gün ene ýere ýyly demini berip, bütin barlyk janlanyp, baglar pyntyk ýaryp, sähralar, çöller älemgoşar reňkli güllere beslenip, ýaşaýşyň baky sazlaşyk sazyny çalýan ýaly. Gadym döwürlerden bäri ýaz pasly täzelenişiň nyşany hökmünde täze günüň, täze durmuşyň başlangyjy hasaplanýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen janlanyşyň, direlişiň, täzelenişiň ajaýyplygyny özünde jemleýän Nowruz mübärek gadamlary bilen bagtyň, baharyň buşlukçysy bolup gapylary kakýar. Halklaryň arasynda Nowruz baýramynyň bellenilişinde käbir aýratynlyklar hem bolupdyr. Özbek halky şol gün ak lybas geýnip, öz bişiren tagamlaryny alyp meýdana çykyp, dürli oýunlar oýnapdyrlar. Nowruz güni ot ýakyp, üstünden böküpdirler. Beýleki musulman halklarda bolşy ýaly, olarda hem otdan bökseň, günälerden saplanyp bolýar diýen ynanç bolupdyr.

Gözelligiň we arassaçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen köpugurly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi ak şäherimiziň keşbiniň düýpli özgerýänliginde, bagy-bossanlyga bürenýänliginde aýdyň görünýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň bahar gözelliklerine beslenýän owadan künjekleriniň sany barha artýar. Bütin ülkämizi ýaşyl lybasa büreýän bahar paslynyň gelmegi bilen, ene toprak bolçulygyň bereket çeşmesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza iş saparlarynyň dowamynda alnyp barylýan sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrýar. Daş-töweregimizde arassaçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegi, bagy-bossanlyga bürenmegi — bularyň ählisi, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň çeşmesi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur almak bilen, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda üstünlikli amala aşyrylýan köpçülikleýin abadanlaşdyryş we arassalaýyş işleri zähmet joşgunyna beslenýär. Edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň, saglyk öýleriniň daş-töwereklerinde,

Mukaddes topragyň bezegi

Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler durmuşyň ähli ulgamlaryny öz içine alýar. Döwrebaplaşdyrylan işler batly depginlerde dowam edýär. Şunda ylmyň we innowasiýanyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen mähriban Diýarymyzda täze seýilgäh we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler türkmen topragynyň ähli künjekleriniň görküni artdyrýar. Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti, milletimiziň abadançylygynyň we sagdynlygynyň kepili bolup durýar.

Bahar pasly (Oýlanma)

Bahar! Ýaşyl ýaşaýşyň, al-elwan sähra gülleriniň gözelligini äleme ýaýýan bahar! Heý-de, bu pasly gowy görmeýän barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Joşgunly bahar pasly özüniň gelşini Gögi gümmürdedip, öýlänçi ýagşyny şybyrdadyp duýdurýar. Asmandaky bulutlar uzak gözýetimden örüp gelýän dowar sürüsi ýaly, şadyýanlyk bilen göç edýärler. Şeýle pursatlarda kalbyň heýjana gelýär-de, şahyr Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» atly goşgusyny biygtyýar ýatlaýarsyň: Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Hoş geldiň, Nowruz!

Bahar-ýazyň ilki aýy,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz!Bagta çoýup her bir öýi,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz! Asuda erkana iller,Buýsançly saýraýar diller,Açylyp gunçalar, güller,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz!

Jümleýi-älem gülüstandyr bu gün

Merkezi Aziýadan Balkana hem-de ýakyn Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklar tarapyndan üç müň ýyldan gowrak wagt bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy many-mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram, ilkinji nobatda, tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzeden janlanyşyň — bahar paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Nowruzyň gelmegi bilen maldaryňam, daýhanyňam aladasy artýar. Çar ýanda joşgunly durmuş möwç urup başlaýar. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän pursady hem bu baýrama gabat gelýär. Tapbiler pederlerimiz mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny Nowruzyň gelşinden çaklamagy inçelik bilen başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň dana paýhasynyň uşakgöz eleginde elenip, akyl pyýalasynda kümüş suwy çaýylan «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, ýaryň gelşi — sowgadyndan», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» ýaly häzire çenli gadyr-gymmaty egsilmeýän çuň mazmunly aýtgylar muňa doly güwä geçýär.

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda toýlarymyzyň toýlara, baýramlarymyzyň baýramlara ulaşmagy asuda, parahat durmuşyň hözirini görüp, guwanyp ýaşaýan halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz häzirki döwürde täze röwşe eýe bolýar. Agzybir halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününi uly dabaralar bilen giňden belläp geçýär. Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Bahar meýlisine çyksaň seýrana

Her paslyň öz häsiýetli aýratynlygy bar. Tomsuna miweli baglaryň berekedi, Güneşiň çogy, güýzüne agras we altynsow tebigat, gyşyň akja garynyň päkligi ynsan kalbyny täsin duýgulara gaplaýar. Ýöne, näme üçindir, ýaz pasly has üýtgeşik. Tebigatyň: daglaryň, baglaryň, derýadyr bulaklaryň, al-asmanyň, mymyk şemalyň täsiri başgaça. Güneşiň çoguna janlanan tebigat ynsanyň içki dünýäsine hem gaýtadan jan berýär. Göwün nähilidir bir üýtgeşik joşguna gelýär. Bu joşgun biygtyýar halda göwünleri ganatlandyrýar. Göwünleriň şeýle täsin duýgulara gaplanan günlerinde toýlar-toýa ulaşýar. Ilki durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlaryň halkara baýramy, yzysüre hem Milli bahar baýramy. Uly şatlyk-şowhuna beslenýän bu baýramlar ýyllarboýy däp bolup gelýär. Bahar baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar — bereketli saçaklaryň bezegi.