Şu gün ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilýär

19 Mart 2021
2307

BAGY BARYŇ — BARY BAR

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda däp bolup gelşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýy hem baýramçylyklara, ajaýyp wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň gerimini giňeltmek hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň sanyny has-da köpeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, alma, erik ýaly miweli baglaryň, üzüm, tut nahallarynyň 30 million düýbüni ekmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl welaýatymyzda 4 million düýp agaç, şol sanda 2 million düýp tut nahallary, 400 müň miweli, 1 million 600 müň düýp saýaly we pürli baglar ekiler.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».