Täze günüň buşlukçysy

19 Mart 2021
2022

Älem-jahany ala-ýaza beslän gadymy türkmen topragyna Nowruz geldi, bahar-ýaz geldi. Adyndan belli bolşy ýaly, Nowruz täze durmuşy alyp gelýär. Taryhda-da, häzirki wagtda-da Nowruz adamzat ýaşaýşynyň gyzgalaňly döwrüdir. Bu döwür babadaýhanlar geljekki hasylyň düýbüni tutup, ekerançylyk işlerine hemmetaraplaýyn girişýärler. Gadymy däp-dessurlary, baý medeni mirasy özünde jemleýän bu baýramçylyk türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Nowruz pars dilinden sözme-söz terjime edilende «Täze gün» diýmegi aňladýar. Milletiň ruhuna siňen mukaddeslikleriň bakylyga öwrülişi ýaly, Nowruz hem dürli halklaryň durmuşynda ymykly orun tutupdyr.

Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş diýlip yrym edilipdir. Bu baýramçylygy täze egin-eşikler bilen garşylamak indi däbe öwrüldi. Hatda gadymy döwürlerde hem Nowruz baýramynda daýhanlar hiç hili ekin işlerini ýerine ýetirmändirler. Olar öz wagtlaryny diňe dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary bilen duşuşmaga sarp edipdirler. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary aýdýarlar.

Gülnur ÝAZMEDOWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.