Jana tenekar howasy, al-ýaşyl öwüsýän sährasy, daglardan akyp gaýdýan çeşme-çaýlary, ýylyň çar paslynda gök öwsüp oturan arçaly dereleri bilen kalbyňa aram, köňlüňe ylham berýän türkmen tebigaty biziň umumy öýümizdir, sagdyn we bagtyýar durmuşymyzyň sakasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.