HABARLAR

Türkmen tebigaty — gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Şolaryň esasynda Diýarymyzda daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň tebigatynyň köpdürlüligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Öwrüm-öwrüm dag ýodalaryndan ýöreseň, her öwrümde dereleriň, dag ýapgytlarynyň, dag çemenlikleriniň, dury suwly derýalaryň, şarlawuklaryň gaýtalanmajak gözelligine duş gelmek bolýar. Hazar deňziniň türkmen kenary-da diňe bir baýlyklary däl, eýsem, ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr.

Borjak

Ata Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Güneşli ýurdumyzyň Garagum sährasyna, daglaryna-düzlerine görk berýän ösümlikler köpdürli hem-de özboluşlydyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de ýurdumyzda giňden ýaýran borjakdyr. Boýy 1,5-2 metre çenli ösýän bu gyrymsy ösümlik maý aýynda gülläp, tomsuň ortaky aýynda miwesi bişip ýetişýär. Ýapraklary ýukajyk barda görnüşli bolan borjagyň goza şekilli miwesi gyzyl, mämişi reňkde bolýar. Ösümlik çägelik ýerlerde gowy ösýär. Çäge bilen gömlende, onuň baldagynda we şahalarynda goşmaça kökler emele gelýär hem-de durnukly ösmegini üpjün edýär. Baldagy we çybygy bilen köpelmäge ukyply bolan borjagyň süýşýän çägeleri berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Ol howanyň sowuk günlerinde mallar üçin iýmit çeşmesidir. Borjak dermanlyk ösümlik bolup, ondan taýýarlanýan melhemlikler demgysmada, gökbogmada, bokurdak sowuklamasynda giňden ulanylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin maglumatlar berilýär.

Aş­ga­ba­dyň ak ga­ry

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ge­çen ýyl­lar­a ga­ra­nyň­da şu ýyl paý­tag­ty­my­za ga­ryň köp ýa­gan­dy­gy üçin­mi ýa-da gar­ly gy­şa kän bir öw­re­niş­män­di­gim üçin­mi, ga­raz, tä­sin duý­gu­lar pi­kir­le­rim bi­len hä­li-şin­di ýüz­be-ýüz bol­dy dur­dy. Ça­ga­ly­gy­myz­da kal­by­myz­da orun tu­tan şat­lyk duý­gu­sy özüm­den bi­din pi­kir ala­da­la­ry­my alyp gaç­ýar.Ola­ryň yzy­na eýer­jek bo­lu­bam ýy­ly eşik­le­ri­ňi ge­ýip, daş çyk­ýar­syň. Şon­da aýa­gyň as­tyn­da tä­sin ses ed­ýän ga­ryň «öz­bo­luş­ly mu­ka­my» se­ni ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ňa sa­ry alyp gid­ýär.

Di­ýa­ry­myz gyş gu­ja­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 As­man­dan inen ak­ja gar toz­ga­jyk­la­ry mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň ýü­zü­ni ak­ly­ga bü­re­di. Ine-de gy­şyň ala­ma­ty. Bu ala­mat her bir türk­me­niň kal­by­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýyp ýüz­le­rin­de bagt­ly ýyl­gy­ryş­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li, kyr­ky­sy­da gy­lyk­syz» diý­mek bi­len gü­neş­li ül­kä­miz­de gyş pas­ly­nyň ed­ýän oýun­la­ry­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Gyş pas­ly dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dür­lü­çe gel­ýär. My­sal üçin, iň do­wam­ly gar ýag­my­ry­na 1932-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň ýa­şaý­jy­la­ry şa­ýat bol­du­lar. Ol ýer­de 9 gün dyn­man gar ýa­gyp­dyr. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ga­ryň bo­ýy bir gat­ly jaý­la­ryň üçe­gi­ne çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da bol­sa gyş ge­len­de gar ýag­ma­ýan pur­sat­la­ry hem bol­ýar. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bol­sa gy­şyň lez­ze­ti baş­ga­ça.

Täsin agaçlar

Nim agajy. Bu täsin bag leýlisaçy ýatladýar. Bagyň miwesinden ýasalýan dermanlar iň gymmatbaha derman hasaplanýar. Gadym döwürlerde hindiler onuň ýapragynyň gan aýlanyşygyna peýdalydygyny nazarda tutup, gözellik üçin ýüzlerine çalýan ekenler. Häli-häzire çenli nim miwesinden ýasalýan dermanlar we ondan alynýan ýaglar deri üçin iň täsirli dermandyr.

Uly Amyderýa pilburny

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Gözellige maýyl göwün

Gözler hemişe gözellige maýyl, ol gözellikden ganmaýar. Näme üçindir gün üstüne ak don örtünen kert gaýaly daglaryň, ýaşyl begresli arçalaryň — baglaryň suratyny çekesim geldi. Birnäçe wagtlap yhlas bilen çeken suratymy dürli reňkler bilen reňkledim. Hiç neneň däl ýaly. Emma surat göwnümdäki ýaly gözel bolup bilmedi. Şol pursat «Tebigat — iň ökde suratkeş» diýen sözüň örän dürs aýdylandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Men gözüm ganmaz tebigata çykdym-da, ony içgin synladym. Asman bilen Zemin bir-birine ýakynlaşan ýalydy. Asmandaky ak bulutlar Zemindäki ak gara owsun atýana meňzeýärdi. Bulutlaryň arasyndan jyklaýan Gün bolsa bu gözellige gözellik goşýardy. Has täsin ýeri bolsa, ýol gyralaryndaky dürli reňkli güller hem üstüne gar örtünip otyrdylar. Asmanda ak bulutlar kerwen gurap süýşüp barsa, ýerdäki ak garlar kem-kemden Gün nuruna ereýärdi. Men bu gözelligiň entek-entekler saklanyp galmagyny isledim. Emma tebigatyň öz kadasy, öz kanuny bar. Ol ynsanyň isleglerine boýun egmeýär. Ol adamlary bagtly we bol bereketdir rysgaldan paýly etmegi başarýar. Tebigat biziň ata-enemiz mysalydyr. Ol bizi ekleýär, saklaýar, özüni söýdürýär, bize-de ummasyz söýgi bagyşlaýar. Ýeri onsoň, şol söýgini nädip suratda ýa-da aýdymdyr sazda beýan edip biljek?!

Tut – uzak ýaşamagyň nyşany

Halkymyzda birek-birege dileg edilende «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýilýär. Çünki tut agajy kesellere durnukly bolup, uzak ýaşaýar. Onuň gurakçylykda, kyn şertlerde ösüp, ýaşap bilmegi halkyň ruhy durnuklylygy bilen baglanyşdyrylýar. Tuduň miwesi, ýapraklary, hatda guran sütüni-de durmuşda peýdaly. Baglara gadyr goýýan halkymyz, tudy has-da sarpalaýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.