Borjak

1 gün öň
48

Ata Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Güneşli ýurdumyzyň Garagum sährasyna, daglaryna-düzlerine görk berýän ösümlikler köpdürli hem-de özboluşlydyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de ýurdumyzda giňden ýaýran borjakdyr. Boýy 1,5-2 metre çenli ösýän bu gyrymsy ösümlik maý aýynda gülläp, tomsuň ortaky aýynda miwesi bişip ýetişýär. Ýapraklary ýukajyk barda görnüşli bolan borjagyň goza şekilli miwesi gyzyl, mämişi reňkde bolýar. Ösümlik çägelik ýerlerde gowy ösýär. Çäge bilen gömlende, onuň baldagynda we şahalarynda goşmaça kökler emele gelýär hem-de durnukly ösmegini üpjün edýär. Baldagy we çybygy bilen köpelmäge ukyply bolan borjagyň süýşýän çägeleri berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Ol howanyň sowuk günlerinde mallar üçin iýmit çeşmesidir.

Borjak dermanlyk ösümlik bolup, ondan taýýarlanýan melhemlikler demgysmada, gökbogmada, bokurdak sowuklamasynda giňden ulanylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin maglumatlar berilýär.

Aýjemal NYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.