HABARLAR

Türkmen topragy — bereket çeşmesi

Häzirki ajaýyp döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Oba hojalyk pudagy ylmyň gazananlary, dünýä tejribesinde gazanylýan üstünlikler hem-de milli tejribelerimiz bilen sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki wagtda gallaçylyk, pagtaçylyk, şalyçylyk, gök-bakjaçylyk, üzümçilik, maldarçylyk, guşçulyk we oba hojalygynyň beýleki ugurlary döwrebap kämilleşdirilýär. Oba milli maksatnamalaryna laýyklykda, sebitlerde täze, döwrebap obalar, şäherçeler, oba hojalyk önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin niýetlenen ammarlar, azyklyk iýmit önümlerini öndürýän kärhanalar, agyz suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Zähmet ýeňşini gazandylar

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda beýleki oba hojalyk ekinleriniň hatarynda, gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, bu babatda döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çeken Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary Watan harmanyna «ak altyn» goşmakda ajaýyp üstünlige eýe boldular. Olar şonda ekilen 7300 gektar meýdandan 14602 tonnadan gowrak pagta ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelip, Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Paýdarlar jemgyýetinde şeýle belent sepgitlere ýetilmegi bu ýerde gowaça ekişinden başlap, ähli ideg, ýygym işleriniň talabalaýyk, guramaçylykly alnyp barylmagynyň netijesidir. Çünki hojalygyň pagtaçy kärendeçileri ähli bejergi çärelerini öz wagtynda, ýokary hilli geçirişleri ýaly, pagta ýygymyna hem ilkinjileriň hatarynda girişmek bilen, onuň depginini bada-bat güýçlendirdiler. Şeýlelikde, kabul ediş bölümine her günde ýüzlerçe tonna pagtanyň tabşyrylmagy üpjün edilip, oňa kärendeçi daýhanlaryň kombaýnçylaryň köp sanlysy saldamly go

“Ak altyn” — 2024

Armalary ýetirilýär Şu günler Watanymyzyň milli baýlygy bolan ak pagtany ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçi daýhanlara ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Şeýle hem kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli kombaýnlaryň kömegi bilen meýdandaky hasyl ýygnalýar. Meýdanda işleriň gyzgalaňly alnyp barylmagy üçin zähmet bäsleşikleri yglan edilýär, meýdan düşelgelerinde dynç almak üçin aýdym sazlar, sergiler guralýar. Şeýle aladalar bilen hasyl ussatlarynyň armasy ýetirilýär.

Hasyl toýy — daýhan zähmetine sarpanyň nyşany

Daýhan yhlasyndan kemala gelen bol hasyl türkmen topragynyň berekedi hem-de saçagymyzyň rysgalydyr. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, daýhanlaryň alyn deri ene ýere siňip, zere öwrülýär. Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy giňden bellenilýär. Oba-kentlerimiz toý lybasyna beslenip, dabaralar uludan tutulýar, milli däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Toý gününde daýhanlarymyza, oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary, Şa serpaýlary gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Däneli ekinleriň hasylyny artdyrar

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň däneli ekinleriniň umumy hasylynyň 700 million tonna deň bolmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligi mälim etdi. Maglumat üçin, mundan öň 9 ýylyň dowamynda bu görkeziji 650 million tonna derejede saklanýardy.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň we etrabyň medeniýet merkeziniň guramagynda «Watan» daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Pagta — biziň baýlygymyz» atly dabara geçirildi. Onda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň daýhanlara döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary, oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda giňişleýin aýdyldy.

Daýhanlaryň armasy ýetirildi

Şu günler ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biziň etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem üstümizdäki ýylda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we isripsiz ýygnap almak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Möhüm möwsümiň häzirki günlerinde etrabymyzyň «ak altynly» pellerinde ýüwrük elli ýygymçylaryň müňlerçesi ýadawsyz zähmet çekip, harmanlaryň beýgelmegine önjeýli goşant goşýarlar. Biz hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, pagtaçy kärendeçileriň arasynda wagyz-nesihat işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirmäge goşandymyzy goşýarys. Daýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen, golaýda etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde «Daýhanlar baýaýar — ýurt kuwwatlanýar» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdik. Günortan çagy geçirilen bu dabaranyň dowamynda pagta hasylyny ýygnamakda ussatlyklaryny görkezýän ýygymçylaryň armasy ýetirilip, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri, döwletli döwranymyzy wasp edip belentden ýaňlanan aýdymlar ýüwrük elli ýygymçylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle-de öňdebaryjy kärendeçilere, sürüjilere, ýüwrük elli ýygymçylara etrap komitetimiz

«Ak altyn» — 2024

Meýdan düşelgesindäki dabara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň “ak altyn” ussatlary ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamak işini depginli alyp barýarlar. Gyzgalaňly dowam edýän ýygym möwsüminde daýhan birleşiklerinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni hyzmat, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendiriş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Borçnama artygy bilen

Ýurdumyzyň hususy işewürleri ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyna-da netijeli zähmeti arkaly saldamly goşant goşmagy başarýarlar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Batly mülkdar» daýhan hojalygy bolup, onuň ekerançylary indi birnäçe ýyl bäri oba hojalyk ekinlerini, esasan hem, gowaçadyr bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda görelde görkezýär. Hojalyk tarapyndan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde uzak möhletleýin alan ýer böleginiň 500 gektarynda şu ýyl «ak altynyň» bitginli hasyly kemala getirildi. Ýygnalan pagta hasylynyň umumy möçberi 622 tonna golaýlap, «ak altyny» döwlete tabşyrmak baradaky borçnama 101 göterim berjaý edildi. Öňdebaryjy daýhan hojalygy şu ýyl 1 müň 720 gektara güýzlük bugdaý ekip, azyklyk gallanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur tagallalary edýär. Güýzlük bugdaý ekişi öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk tamamlandy. Hojalygyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögerişiň gazanylmagy geljek ýyl gallanyň bol hasylynyň ýygnalyp alynjakdygyndan habar berýär.

Şalyçylar tijenýärler

Lebap welaýatynyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 10 müň 200 gektara ekilen şalydan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny ýygnamagy maksat edindiler. Dänew, Halaç, Kerki etraplarynyň şalyçylary şu günler bu babatda öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Welaýatda şu ýyl gowy hasyl berýän we çalt ýetişýän şaly sortlary ekildi. «Müňbaş», «Nukus — 2», «Bereket», «Elenga», «Awangard», «Nukus» ýaly sortlar ýerli howa şertlerimize uýgunlaşandygy bilen, her ýylda bol hasyl eçilýär. Şalyçy daýhanlar mydama birek-birek bilen tejribe alşyp durýarlar. Sebäbi ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde tohumçylyk işinde hem uly üstünliklere ýetilýär. Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň düýp özeninde tohumçylyk işini kämilleşdirmek durýar. Bu babatda paýtagtymyz Aşgabatda sentýabr aýynda geçirilen «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat möhüm ähmiýete eýe boldy.