Borçnama artygy bilen

1 Noýabr 2024
248

Ýurdumyzyň hususy işewürleri ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyna-da netijeli zähmeti arkaly saldamly goşant goşmagy başarýarlar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Batly mülkdar» daýhan hojalygy bolup, onuň ekerançylary indi birnäçe ýyl bäri oba hojalyk ekinlerini, esasan hem, gowaçadyr bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda görelde görkezýär. Hojalyk tarapyndan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde uzak möhletleýin alan ýer böleginiň 500 gektarynda şu ýyl «ak altynyň» bitginli hasyly kemala getirildi. Ýygnalan pagta hasylynyň umumy möçberi 622 tonna golaýlap, «ak altyny» döwlete tabşyrmak baradaky borçnama 101 göterim berjaý edildi.

Öňdebaryjy daýhan hojalygy şu ýyl 1 müň 720 gektara güýzlük bugdaý ekip, azyklyk gallanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur tagallalary edýär. Güýzlük bugdaý ekişi öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk tamamlandy. Hojalygyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögerişiň gazanylmagy geljek ýyl gallanyň bol hasylynyň ýygnalyp alynjakdygyndan habar berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).