Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda beýleki oba hojalyk ekinleriniň hatarynda, gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, bu babatda döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çeken Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary Watan harmanyna «ak altyn» goşmakda ajaýyp üstünlige eýe boldular. Olar şonda ekilen 7300 gektar meýdandan 14602 tonnadan gowrak pagta ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelip, Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar.
Paýdarlar jemgyýetinde şeýle belent sepgitlere ýetilmegi bu ýerde gowaça ekişinden başlap, ähli ideg, ýygym işleriniň talabalaýyk, guramaçylykly alnyp barylmagynyň netijesidir. Çünki hojalygyň pagtaçy kärendeçileri ähli bejergi çärelerini öz wagtynda, ýokary hilli geçirişleri ýaly, pagta ýygymyna hem ilkinjileriň hatarynda girişmek bilen, onuň depginini bada-bat güýçlendirdiler. Şeýlelikde, kabul ediş bölümine her günde ýüzlerçe tonna pagtanyň tabşyrylmagy üpjün edilip, oňa kärendeçi daýhanlaryň kombaýnçylaryň köp sanlysy saldamly goşant goşdular. Olaryň hatarynda her gektaryň hasyllylygyny 50 — 60 sentnere ýetiren pagtaçylar, öz erk edýän kombaýnlary bilen «ak altynyň» uly möçberlerini harmana goşan kombaýnçylar hem az däl. Şeýle kärendeçilerden Alijan Ýusupbaýew, Ýusupbaý Allabergenow, Leýla Jumanyýazowa, Maksuda Taňyrbergenowa, kombaýnçylardan Kahraman Abdyllaýew, Kerwen Sopyýew, Allaşükür Haljanow dagynyň atlary hormat bilen tutulmaga mynasypdyr.