HABARLAR

Halal gazanjyň höziri

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda yhlasly zähmet çekip, halal gazanç eden adamyň azaby ýerine düşüp, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň döwlete tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi hakynda berýän görkezmeleri-de şu maksada gönükdirilendir. Şondan ugur almak bilen, biziň welaýatymyzda hem banklar tarapyndan döwlet harmanyna tabşyrylan pagta, şaly hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Daýhanlaryň öz halal gazançlaryny bankomatlaryň üsti bilen almaklaryna doly mümkinçilik döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň özleri üçin uly ykdysady goldaw bolandygyny halal zähmetiniň bereketli girdejisini maňlaýyna sylýan kärendeçi daýhanlar uly guwanç bilen aýdýarlar. Olar munuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler. Gazananyňyz toýlaryňyza ýarasyn, edermen daýhanlar!

Zähmet hormat getirýär

Biziň gürrüňimiz Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň 40 ýyldan gowrak wagt bäri şalyçylyk bilen iş salşyp gelýän tejribeli daýhany Galpakbaý Mämmetdurdyýew barada. Onuň kakasy Täçdurdy aga seýis, belli atşynas hem-de tejribeli daýhan bolupdyr. Ol ençeme ýyl topar ýolbaşçysy bolup, pagtadan ýokary hasyl almagyň göreldesini hem görkezipdir. Ol öz ogly Galpakbaýyň hem daýhançylyk kesbini dowam etdirmegini isleýärdi. Galpakbaý ata maslahatyna eýerip, ilki Daşoguz şäherindäki ýörite oba hojalyk mekdebini, soňra Aşgabatdaky oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk bölümini tamamlady. Oňa 1982-nji ýylda häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigine işe ýollanma berdiler. Bu hojalyk şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biridi. Galpakbaý bu ýerde topar ýolbaşçysy, agronom ýaly wezipelerde işläp, şalyçylygyň abyny-tabyny gowy öwrendi. Ýaş agronomyň işbaşarjaňlygyna, gazanýan oňat netijelerine göz ýetirensoňlar, ony 1987-nji ýylda şalyçylyga ýöriteleşdirilip, täze açylan häzirki «27-nji oktýabr» daýhan birleşigine işe goýberýärler.

Telekeçilik

Rowaç gadamlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary netijeleri gazanýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu ugurdaky ösüşlere mynasyp goşant goşýan telekeçiler, hususy kärhanalar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Amantaý» hususy kärhanasy hem bar.

Ýerler ýaz ekişine taýýarlanýar

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaçadan boşan meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamak işine häzirden ähmiýet berýärler. Olar şu günler gowaçadan boşan ýerlerde sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplary esasynda geçirmekde bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Sürümi öz wagtynda geçirmekde we topragy ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamakda mehanizatorlara uly orun degişlidir. Muňa oňat düşünýän mehanizatorlar özlerine ynanylan oba hojalyk tehnikalaryny saz we bökdençsiz işledip, sürümiň ýokary hilli geçirilmegi ugrunda yhlaslylyk görkezýärler.

Limon ýygnalýar

Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň limonariýa ýyladyşhanasynyň agzybir zähmetkeşleri şu günler limonyň ýygymyny depginli alyp barýarlar. Limonyň ýygymynda ýyladyşhananyň işgärleriniň her biri yhlas bilen zähmet çekýär. Şeýle bolansoň, baglardan limonyň her günde onlarça kilogramy ýygnalýar. Ýyladyşhana 4,5 gektar meýdany eýelemek bilen, ol ýerde limon baglarynyň 8 müňe golaýy bar. Şu möwsümde baglardan limonyň 70 tonnasyny ýygnamak maksat edinilýär. Asylly maksat ýyladyşhanada zähmet çekýän ildeşlerimiziň her birine birkemsiz ýetişen miweleri isripsiz ýygnamaga hyjuw berýär. Ýygnalan ýokuma baý limonlar ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza ugradylyp, ak bazarlarda terligine ilata ýetirilýär.

Işler sazlaşykly barýar

Sarahs etrabynyň hojalyklarynda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda sürüm, tekizleýiş işleriniň öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmeginde möhüm şertleriň biridir. Täze hasylyň aladasy bilen yhlasly zähmet çekýän pagtaçy babadaýhanlar geljek ýyl üçin sürüm geçirilmeli 18 müň gektar meýdanyň 4 müň gektara golaý ýerinde sürüm işlerini geçirip, tekizleýiş işlerine girişdiler. Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda etrabyň hojalyklarynyň arasynda «Bereket», Muhy Amanow, S.A.Nyýazow, Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri has işjeňlik görkezýärler. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Gurban Sapallaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň has-da ýokary depginde, talabalaýyk alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Toparyň pagtaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin 112 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirip, meýdanlarda tekizleýiş, keş çekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynda ussat mehanizatorlar Şöhrat Muhyýew, Maksat Mämmedow, Baýram Rejepow dagynyň mynasyp paýlary bardyr. Etrabyň hasyl ussatlary şu işler bilen bir hatarda, hasyldan boşan meýdanlary gowa

Päk zähmeti bilen adygan

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin amatly şertler döredilýär. Munuň üçin öňdebaryjy iş usullaryna daýanylýar. Bu ugurda biologiki usullary ulanmak peýdaly we netijeli hasaplanýar. Biousullary ulanmakda baý tejribeli hünärmenler welaýatymyzda diýseň köp. Şolaryň biri-de Nurýagdy Bazarowdyr. Indi 40 ýyl bäri barlaghanada zähmet çekýän Nurýagdy aga hünärine göwün beren ynsan. Ol ýaş döwri gowaçaly meýdanlara altyngözlüje goýberilende, uly gyzyklanma bilen synlap, olaryň ekinleri zyýankeşlerden goraýandygyny öwrenende, bu käre höwesi has-da artdy.

Gant şugundyrynyň bol hasyly ýygnalýar

Aslynda durmuşda ähli gowy zatlar süýjülige deňelýär. «Süýji durmuşda ýaşamak, süýji günleriň hözirini görmek, süýji ömür sürmek, süýji arzuwlar» diýen ýaly, ençeme jümleleriň döremeginde hem süýjülik tagam bilen baglanyşyk bar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň azyk senagatynda şol süýjülikleriň iň esasysy bolan gant önümçiliginiň möçberiniň artdyrylmagynda biziň gant şugundyrçy kärendeçilerimiziň saldamly goşandynyň bardygyny bellemek buýsandyryjy hakykatdyr. Çünki gant şugundyry ýurdumyzda gant öndürmekde esasy çig-mal bolup durýar

Ak ekiniň idegi

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Şol sebäpli-de her bir gallaçy daýhan üçin bugdaýyň bereketli hasyly bolelin durmuşyň binýady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, yhlasly işlemegiň oňyn netijesini görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işi ilerleýän şeýle gallaçy daýhanlaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynyň ýaşaýjysy Gurban Begenjowdyr. Gurban aga etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine degişli bolan 4 gektar ýerinden tohumlyk bugdaýyň saýlama görnüşlerinden bol hasyl almagyň ussady hökmünde tanalýar.

«Sary altynyň» berekedi