Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda yhlasly zähmet çekip, halal gazanç eden adamyň azaby ýerine düşüp, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň döwlete tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi hakynda berýän görkezmeleri-de şu maksada gönükdirilendir. Şondan ugur almak bilen, biziň welaýatymyzda hem banklar tarapyndan döwlet harmanyna tabşyrylan pagta, şaly hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Daýhanlaryň öz halal gazançlaryny bankomatlaryň üsti bilen almaklaryna doly mümkinçilik döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň özleri üçin uly ykdysady goldaw bolandygyny halal zähmetiniň bereketli girdejisini maňlaýyna sylýan kärendeçi daýhanlar uly guwanç bilen aýdýarlar. Olar munuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.
Gazananyňyz toýlaryňyza ýarasyn, edermen daýhanlar!