Gelse, ekin gürden gelsin!

26 Noýabr 2024
294

Halkymyz tomsuň epgegine, gyşyň aýazyna garaman, ýylyň bütin dowamynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýär. «Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür» diýen peder pendine eýerip, ýazky ekinlerden boşan ýeriň gyrasyndaky çöpleri ýygyp, desseläp, küde edip, maldarçylykda ulanypdyrlar. Ondan galan ot-çöpleri tamdyrtowy edinip, hiç zady isrip etmändirler.

Güýzde ekiljek ýerlerdäki ekinler orlup, meýdanlar boşan badyna sürlüpdir. Sürlüp, şüdügär edilen ýerler gyşda ýagyş-garyň astynda, tomusda jokrama yssyda mazaly dem alypdyr. Şu ýagdaýda sepilip ekilýän ekinleriň ýerleri malalanyp, iri kesekleri owradylyp, toprak ekişe taýýarlanypdyr. Sürlüp, mäjum bolan toprak üstünden aýakýalaňaç ýörelende topukdan geçmese, çokaýly ýörelende çokaýyň erňeginden girmese, sürüm işinden kanagatlanylmandyr. Taýynlanan ýerlere orak ýa-da aňňal zyňylyp, olar topraga gömülse, ýeriň ekişe taýýardygy makullanylypdyr.

Selbi KOMMANOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy.