Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň limonariýa ýyladyşhanasynyň agzybir zähmetkeşleri şu günler limonyň ýygymyny depginli alyp barýarlar. Limonyň ýygymynda ýyladyşhananyň işgärleriniň her biri yhlas bilen zähmet çekýär. Şeýle bolansoň, baglardan limonyň her günde onlarça kilogramy ýygnalýar.
Ýyladyşhana 4,5 gektar meýdany eýelemek bilen, ol ýerde limon baglarynyň 8 müňe golaýy bar. Şu möwsümde baglardan limonyň 70 tonnasyny ýygnamak maksat edinilýär. Asylly maksat ýyladyşhanada zähmet çekýän ildeşlerimiziň her birine birkemsiz ýetişen miweleri isripsiz ýygnamaga hyjuw berýär. Ýygnalan ýokuma baý limonlar ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza ugradylyp, ak bazarlarda terligine ilata ýetirilýär.