Jogapkärli möwsüm
Sarahs etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylda 18500 gektara gowaçanyň «Ýolöten-14», «Ýolöten-39», «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekmegi meýilleşdirýän etrabyň pagtaçy kärendeçileri şu günler wagtyň her pursatyndan netijeli peýdalanýarlar. Etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ekiş geçirijileriniň 70-si, dürli asma we tirkeg gurallarynyň onlarçasy, pagta arassalaýjy kärhanasynyň «MTZ-82» kysymly traktorlarynyň 17-si meýdan işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagynda we ekişiň öz wagtynda, takyk usulda geçirilmegini üpjün etmekde bökdençsiz işledilýär. Möwsümde tehniki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişine, tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň işiniň göwnejaý ýola goýulmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmenleri bolsa, ekişde sagdyn gowaça tohumynyň ulanylmagy ugrunda mynasyp tagalla edýärler. Munuň özi ekişiň bellenen möhletde geçirilmegine şert döredýär.