Hormatly Prezidentimiziň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly alyp barmak barada beren tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilmegine gönükdirlen çäreler biziň welaýatymyzda hem öz wagtynda giň gerim aldy. Şeýlelikde, bu jogapkärli döwrüň öň ýanyndaky häzirki günlerde geçirilýän derwaýys meýdan işleri has-da ýokary depgine eýe bolmak bilen, öňde goýlan wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine zerur şertleri döredýär.
Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde hem bu babatda irgözinden edilen aladalaryň oňat netijeleri berendigini bellemek bolar. Bu ýerde häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynyň esasy böleginiň sürülip-tekizlenilip, suwdan gandyrylandygy, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, olaryň iş gurallarynyň bir hatar gözden geçirilip, ýetmezçilikleriniň aradan aýrylandygy munuň şeýledigine güwä geçýär. Şu günler bolsa gowaça ekişiniň bökdençsiz amala aşyrylmagyna degişli ýene-de birnäçe çäreler guramaçylykly dowam etdirilýär.