Ýaz meýdan işleri

26 Mart 2021
1075

Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin 850 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda daýhan birleşiginiň mehanizatorlaryndan Döwlet Meredow, Gurbanmyrat Gulmyradow, Aýdogdy Myratjykow sürüm-tekizleme işlerini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwlary kada laýyklykda tutuldy. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumynyň çigidini ezmek üçin daýhan birleşiginde ýörite urular taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginde, pagtaçy daýhanlar, kärendeçiler pagta ekiş möwsümine guramaçylykly girişerler.

Şu günler daýhan birleşiginiň ýüpek gurçuklary idedilýän ýörite jaýlarynda abatlaýyş işleri geçirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy belleniljek üstümizdäki ýylda hojalygyň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

Güljahan ALLAMYRADOWA,
Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar