Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek — geljegi uly ugur

26 Mart 2021
884

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar