HABARLAR

Kädi

Ýurdumyzda bakjaçylyga uly üns berilýär. Sahawatly topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän bakja ekinleriniň biri-de kädidir. Kädiniň azyk we iýmit taýdan ähmiýeti örän uludyr. Onuň esasy ýokumly maddalary şeker, krahmal, kleçatka hem-de karotindir. Kädi adamyň saglygy üçin örän peýdaly hasaplanylýar. Ol halk lukmançylygynda bagyr, böwrek, ýürek, iç we başga-da birnäçe keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar.

Gyzgalaňly möwsüm

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Buýsançly başym göge ýetdi

Çarymyrat TÄÇMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama institutynyň baş inženeri:

Işleri ileri daýhan hojalygy

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň işgärleri oba hojalyk önümlerini öndürmekde we bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmekde ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeler gazanyp gelýärler. Daýhan hojalygyna tejribeli oba hojalyk işgäri Azatgeldi Baýjanow ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda 20-ä golaý işgäri bolan bu daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň 2000-den gowrak gektaryna oba hojalyk ekinleri ekilip, daýhanlar tarapyndan bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalygyň ekin meýdanynyň 2000 gektarynda ekilen ak bugdaýyň şu ýyl bol hasyly kemala getirildi. Şeýle hem ekin meýdanynyň 17 gektaryna ýeralma, 25 gektaryna sogan, 200 gektaryna ýorunja we 10 gektaryna pomidor, 600 gektaryna pagta, 10 gektaryna gawun-garpyz ekilen ýerlerden bol hasyla garaşylýar.

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Il arasynda «Gallam bar – tyllam bar» diýen aýtgy bar. Munuň şeýledigine bugdaýly meýdana baryp, adaja öwüsýän şemala ygşyldaşýan bugdaý hoşalaryny synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Daýhanyň tutuş ýylyň dowamynda yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasyly göýä diýersiň, nurly Günüň çoguna öwüşgin atyp oturan tyllany ýadyňa salýar. Şonuň üçinem oňa tyllaýy bugdaý diýilýär. Milli mukaddesligimiz bolan ak bugdaýy başynyň täjine deňeýän halkymyz geçen hepdäniň anna gününde, ýagny, 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişdi. Biz hem şol gün galla oragyna badalga berliş çärelerine gatnaşanlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Kök çüýremä garşy göreş çäreleri

Gowaçanyň gämik wagtynda ýüze çykýan iň howply keseli kök çüýreme keselidir. Bu kesel toprakda duşýan ýarym saprofit kömeleklerden başga-da, kämilleşmedik kömelekler (Phizoctonia solani, Thielaviopsis basicola we Fuzarium spp.) tarapyndan ýüze çykýar. Bu kesel gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlaryna ýokuşýar. Ol inçe süýümli gowaçanyň ýaňy gögerip çykan gämigine hem-de ýetişen görnüşine, orta süýümli gowaçalaryň bolsa, diňe gämigine zyýan ýetirýär. Bu keseliň häsiýetli aýratynlyklary gowaçanyň gämik hem-de gozalary ýetişen döwründe ýüze çykýanlygydyr. Keseli dörediji Thielaviopsis basicola diýilýän toprak kömelegidir. Bu kömelek organiki maddalaryň dargamagy netijesinde dörän önümleri iýip, toprakda birnäçe ýyllap saklanýar. Kömelek esasy we gapdal kökleri hem-de kök boýunjygy arkaly gowaçanyň inçe süýümli sortlaryna, olaryň ösüşiniň täze fazasyna aralaşýar. Bu kömelek medeni ösümlikleriň we haşal otlaryň 900-den gowragyna zyýan ýetirýär. Emma ýorunja, noýba, bugdaýa, arpa, mekgejöwene we jöwen ýaly ekinlere ýokuşmaýar. Ol agyr toýun toprakly we ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşýän ýerlerinde ekinlere has ýygy-ýygydan ýokuşýar. Bir ekin meýdanynyň çäklerinde kök çüýreme keseli ýeriň bitekiz bolup, suwuň has köp toplanýan

Tyllaýy toprak

Il arasynda sylanýan tejribeli daýhan öz ykbalyny ene ýerden agtarmagy maksat edinip, maslahat soramaga ýanyna gelen ýaş ýigdekçä şeýle diýipdir. — Men saňa bar bilýänlerimi öwredeýin. Onsoň senem ýeriň-suwuň «diline» düşünýän çyn daýhan bolup ýetişersiň. Çyn daýhanam, näme, pilini posladyp, ýerden önjeýli hasyl alybilmän ýören ekinçi däldir. Ol hiç haçan hor-har bolmaz. Ömür-ahyr gadyram gaçmaz.

«Akylly» ekerançylyk boýunça hyzmatdaşlyk

Koreýa Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan Gazagystanda «akylly» ekerançylyk toplumyny gurmak babatynda synag taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygy habar berildi. Bary-ýogy 1 gektar ýerde gök ekinleriň birnäçe görnüşi ýetişdiriler. Onda tehnologiýa arkaly dökünlemek we suwarmak boýunça iň döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Gazagystandaky koreý taslamasy şu ýylyň oktýabr aýynda işe giriziler.

Bananyň tagamyny bilmek

Hytaýyň «Sohu» neşiri gowy banany nähili saýlamalydygyny paýlaşdy. Munuň özi üns berilmeli ýagdaýdyr. Banan tagamly miwe, ýöne ol çalt zaýalanýar. Eýsem, hytaý neşiriniň hünärmenleri bu babatda nähili maslahatlary berýärler?! Bilermenleriň hem nygtaýşy ýaly, banan göni ýa egri bolýar. Köplenç, alyjylaryň köpüsi miwäniň has tagamlysyny bilmek üçin onuň haýsy görnüşini saýlamaly diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Makalanyň awtorlary bananyň doly bişýänçä, göni bolýandygyny belleýärler. Bişip ýetişme hadysasynda miwe ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyga tarap ösýär, şol sebäpli hem ol egrelýär, bu banan salkymynyň bagdaky tebigy ýagdaýy bilen baglydyr.

Biologik torba gök önümleri zaýalanmakdan gorar

Mellekde ýetişdirilen ýa-da bazardan satyn alnan gök önümleriň zaýalanmazlygyny gazanmak üçin, olary polietilen torbalara salyp, sowadyjyda saklaýarys. Ýöne bu torbalar önümleri bakteriýalardan gorap bilýärmikä? Munuň üçin iýmitiň zaýalanmagyna sebäp bolýan bakteriýalary zyýansyzlandyrýan torba döredildi. Döredilen bioaktiw torbalar plastmassanyň ornuny tutmagyna umyt bildirilýän bioaktiw kagyzlaryň nusgalary arkaly Fraunhofer Gözleg institutynda işlenip taýýarlanyldy. Ol torbanyň artykmaçlyklarynyň biri hökmünde, onuň bir gezeklik däldigi bellenilýär.