HABARLAR

Tohumyň müňlesin, daýhan!

24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň wajyp oba hojalyk möwsümi hasaplanýan gowaça ekişine köpçülikleýin girişildi. Demirgazyk sebitimiz bolan Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 31-nji martda girişerler. Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Arkadaga ýüreklerde alkyş bar

Myratdurdy Nazlyýew, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy:

Ter gök önümler — ak bazarlaryň bezegi

Naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny giňeltmek babatdaky tutumlar täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen berkarar Diýarymyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan alty sany ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, birbada ulanyşa tabşyrylmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň bagtyýar ilatynyň toý şatlygyny artdyryp, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolan bu taryhy pursat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde netijeli sepgitlere ýetilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Ter gök önümleri bilen zähmetsöýer halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň arasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň mynasy

Möhüm oba hojalyk möwsümi

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Şoňa görä hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek — geljegi uly ugur

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Oba hojalyk pudagynda möhüm waka

Ýurdumyzyň her bir sebitinde iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary we ýyladyşhanalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şu giň gerimli işlere hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşyp, bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Öňňin Ak bugdaý etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.

Ýaz meýdan işleri

Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin 850 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda daýhan birleşiginiň mehanizatorlaryndan Döwlet Meredow, Gurbanmyrat Gulmyradow, Aýdogdy Myratjykow sürüm-tekizleme işlerini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwlary kada laýyklykda tutuldy. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumynyň çigidini ezmek üçin daýhan birleşiginde ýörite urular taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginde, pagtaçy daýhanlar, kärendeçiler pagta ekiş möwsümine guramaçylykly girişerler. Şu günler daýhan birleşiginiň ýüpek gurçuklary idedilýän ýörite jaýlarynda abatlaýyş işleri geçirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy belleniljek üstümizdäki ýylda hojalygyň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

Guzularyň sany artýar

Güneşli Diýarymyzyň sähralarynda bolşy ýaly, dowarlaryň owlak-guzy möwsümi welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrabynyň bereketli ýaýlalarynda hem guramaçylykly geçirilýär. Etrabyň “Serhetçi” maldarçylyk hojalygynyň çopan toparlary hem şu gyzgalaňly möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda maldarçylyk hojalygy boýunça mallaryň baş sany 53670 bolup, şol sanda ene goýunlaryň 27760-syndan 26129 sany sagdyn, guzy almak meýilleşdirilipdir. Hojalykda Gurbanaly Täçmuhammedowyň 1-nji, Kakamyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji maldarçylyk fermalarynyň çopan toparlarynyň arasynda möwsümi üstünlikli jemlemek maksady bilen özara ýaryş giň gerime eýe bolýar. Ýaryşda Gurbanaly Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän maldarçylyk fermasynyň çopan toparlary öňde barýar. Guramaçy, işbaşarjaň müdir bilen giň sährada, zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde didarlaşdyk. — Fermamyz boýunça 38790 sany baş mal bolup, şol sanda ene goýunlaryň 17654-sinden 16771 sany sagdyn, guzy almaklyga hötde geldik. Gyzgalaňly möwsümde Eziz Söýünowyň, Güljemal Meňliýewanyň, Merdan Akmuhammedowyň, Kakabaý Arrykowyň, Baýram Meredowyň çopan toparlary özara ýaryşda öňdeligi eýelediler.

Bereket bolçulygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.\ Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistan bu gün bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň aňrysynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi ýatandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi Ahal welaýaty, 25-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.