Möhüm möwsüme badalga

25 Mart 2021
1156

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna zähmet ýeňişleri bilen barýan daýhanlar hem hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen 24-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möhüm möwsüme 31-nji martda başlar. Şu hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň welaýatlarynyň dördüsinde badalga berilmegi bilen, ene topraga täze ýylyň hasylynyň ilkinji çigitleri atyldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda ýurdumyz boýunça 1 million 200 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, türkmen daýhanlary bu sepgide abraý bilen ýetip, döwletli diýarymyzyň berekedine goşant goşarlar.

Gözel BEKDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar