HABARLAR

Özgerýän döwrüň talaby

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik — önümçilik — sarp ediş üçburçlygyna uly täsirini ýetirýän sanly ykdysadyýet häzirki döwürde önümçilik pudaklarynyň tasdan ählisini öz içine alýar. Aragatnaşyk ulgamy we senagat pudagy sanly ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar babatda gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» kabul eden Karary hem sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerini emele getirmek üçin möhüm çäreleriň biridir. Toparyň esasy wezipesi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmeg

Sanly resminama ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklandy. Şol Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze mümkinçilikleri döredilýär. Häzirki döwürde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Sanly elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynd

Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.

Jümle-jahan habarlary

Kuwwatly batareýaly smartfonlar Biz telefon saýlap aljak bolanymyzda, hökmany suratda onuň batareýasynyň göwrümine üns berýäris. Çünki akkumulýatoryň kuwwaty ol enjamy näçe wagtlap zarýad bermezden ulanyp boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu maksat bilen hünärmenler göwrümi has uly batareýalary öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Häzirki wagtda telefonlary kuwwatly smartfonlaryň hatarynda ilkinji orunda durýar. Olaryň 16 gegabaýtly operatiw ýady bar. Ähli maglumatlar 144 gers ýygylykda Full HD+ formatda telefonyň 6,8 dýuýmly ekranyna çykarylýar. Bu bolsa energiýany köp sarp etmegi talap edýär. Hut şu esasdan bu smartfonlar iki batareýaly, ýagny, 6000 мАч göwrümli bir batareýany ikä bölüpdirler. Hersi 3000 мАч bolan batareýalar prosessoryň iki gapdalynda oturdylypdyr. Akkumulýator 50 minudyň içinde 100 göterim doly kuwwatlanýar. Şondan soňra ol telefony 2 günläp ulanmak mümkindir.

Sanly ulgam arkaly bank hyzmatlary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Döredijilikli ösüşiň sanly ugry

Häzirki döwürde ylym we tehnika örän çalt depginler bilen ösýär, telekommunikasiýa durmuşymyzyň köp bölegini eýeleýär. Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginde telekommunikasiýa ulgamynyň uly paýy bar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52° E” emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugruna täze badalga berdi. Hemra aragatnaşygy ylmyň we tehnikanyň soňky onýyllyklarda dörän täze ugrudyr. Ol älem tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly aragatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Elektrik aragatnaşyk torunyň dünýä boýunça ösüş depgini adamzat jemgyýetiniň senagat taýdan ösüş tapgyryndan maglumatlar tapgyryna geçmäge esaslanýar. Bu ösüş depgini geçen asyryň ahyrlarynda, aragatnaşyk ulgamynyň maglumat alyş-çalşygynyň sanly görnüşine geçenden soňra emele gelip başlady. Kiçi ölçegli antennaly aragatnaşyk terminallar toruny ulanyşa ornaşdyrmak işl

Sanly neşiriň uly mümkinçilikleri

Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem dürli ugurlary öz içine alýan makalalary okyjylara hödürleýän döwürleýin neşirleriň köp sanlysy çap edilýär. Okyjylarymyza şol neşirleriň çap edilýän we elektron nusgalaryna abuna ýazylmak mümkinçiligi döredildi. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça tabşyryklaryndan ugur alnyp döredilen «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň ýurdumyzda çap edilýän ähli gazet-žurnallary raýatlarymyz üçin elektron nusgada elýeterli etmekde möhüm ähmiýeti bolup, onuň meşhurlygynyň barha artmagy netijesinde gazet-žurnallara elektron görnüşde abuna ýazylýanlaryň sany günsaýyn köpelýär.

«Aşgabat-siti» — kämil binýatly şäher düzümi

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwrebap özgertmeler ýoluna düşüp, «akylly şäher» konsepsiýasyny durmuşa geçirýär. Öňňin paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabadyň demirgazygynda düýbi tutulan täze döwrebap ýaşaýyş toplumy hem ýurdumyzyň şäher medeniýetiniň täze nusgasyna öwrüler. Ylmyň we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bütin dünýäde ululy-kiçili şäherleriň ýüzlerçesi tarapyndan durmuşa geçirilýär. «Akylly şäher» düşünjesi dürli çeşmelerde dürlüçe kesgitlenilýär. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginde bu düşünje bilen maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen işi amala aşyrýan şäherler göz öňünde tutulýar. Russiýa Federasiýasynda bolsa bu düşünje arkaly daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleri ornaşdyrýan «innowasion şäherler» aňladylýar.

Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň öndengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip düşünilýär, şeýle-de innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar. Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns berilmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşilmelidigini belleýär.

Döwrebap bank işi: ösüşiň täze belentliklerine tarap

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýokary sepgitlere ýetmekde guwandyryjy netijeleri gazanmakda maliýe-bank, ylym-bilim ulgamlarynda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Muňa şu ýylyň geçen döwründe milli ykdysadyýetimizde gazanylan netijeler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli pudak edaralary boýunça indi birnäçe ýyllaryň dowamynda durnukly ýokary ösüş depginleri üpjün edilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudak edaralaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilik-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmek we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy bölegine uly maliýe goldawy berildi. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň prosessing merkezinde hasaba alnan b