Kuwwatly batareýaly smartfonlar
Biz telefon saýlap aljak bolanymyzda, hökmany suratda onuň batareýasynyň göwrümine üns berýäris. Çünki akkumulýatoryň kuwwaty ol enjamy näçe wagtlap zarýad bermezden ulanyp boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu maksat bilen hünärmenler göwrümi has uly batareýalary öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Häzirki wagtda telefonlary kuwwatly smartfonlaryň hatarynda ilkinji orunda durýar. Olaryň 16 gegabaýtly operatiw ýady bar. Ähli maglumatlar 144 gers ýygylykda Full HD+ formatda telefonyň 6,8 dýuýmly ekranyna çykarylýar. Bu bolsa energiýany köp sarp etmegi talap edýär. Hut şu esasdan bu smartfonlar iki batareýaly, ýagny, 6000 мАч göwrümli bir batareýany ikä bölüpdirler. Hersi 3000 мАч bolan batareýalar prosessoryň iki gapdalynda oturdylypdyr. Akkumulýator 50 minudyň içinde 100 göterim doly kuwwatlanýar. Şondan soňra ol telefony 2 günläp ulanmak mümkindir.