Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýokary sepgitlere ýetmekde guwandyryjy netijeleri gazanmakda maliýe-bank, ylym-bilim ulgamlarynda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Muňa şu ýylyň geçen döwründe milli ykdysadyýetimizde gazanylan netijeler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli pudak edaralary boýunça indi birnäçe ýyllaryň dowamynda durnukly ýokary ösüş depginleri üpjün edilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudak edaralaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilik-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmek we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy bölegine uly maliýe goldawy berildi.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň prosessing merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan terminallaryň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar.