Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Diýarymyzda halk hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň artýan häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek babatda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň ählisi ata Watanymyzda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär.
Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Degişli ugurda ýetilýän sepgitler döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilýän maksatnamalaryň esasynda amal bolýan özgertmelerden gözbaş alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama esasynda ýurdumyzda ösen bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimizi köpugurlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak wezipeleri netijeli çözülýär.