Sanly bilim ulgamy — ösüşiň möhüm şerti

26 Aprel 2021
2552

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, ýaşlaryň hünär ussatlygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Maral ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.