HABARLAR

Ýa­po­ni­ýa­nyň meş­hur ro­bot­la­ry

Ýa­po­ni­ýa se­na­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ro­bot­la­ryň en­çe­me­si­ne duş gel­mek müm­kin. Şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris: Hos­pi. Bu ro­bot «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2004-nji ýyl­da ön­dü­ril­di. Ol öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len kar­ta­laş­dy­ryş mag­lu­mat­la­ry ar­ka­ly öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Has­sa­ha­na­lar­da be­jer­gi al­ýan has­sa­la­ra ýar­dam ber­ýän, ola­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne äkid­ýän, baş­ga-da bir­nä­çe hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýan bu ro­bo­tyň tä­ze nus­ga­sy 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di we uly meş­hur­lyk ga­zan­dy.

In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny artýar

Ýer ýü­zün­de 4,8 mil­liard iş­jeň in­ter­net ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň 92 gö­te­ri­mi in­ter­ne­te mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly bi­rig­ýär­ler. Ula­ny­jy­la­ryň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 257 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýyl­da 5,7 gö­te­rim art­ýar. De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ara­gat­na­şy­gyň ösen gör­nü­şi ila­tyň 96 gö­te­ri­mi üçin el­ýe­ter­li bo­lup, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ilat sa­ny­na gö­rä in­ter­ne­tiň el­ýe­ter­li­li­gi­nde Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Da­ni­ýa we Şwe­si­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň umu­my sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da Azi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu yk­lym­da 2,5 mil­liard adam in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ikin­ji ýer­de Ýew­ro­pa yk­ly­my bo­lup, se­bit­dä­ki ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 728 mil­lio­na ýet­ýär.

Aw­tou­lag ön­dü­rer

Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry dür­li mak­sat­lar bi­len aw­tou­lag ön­dür­ýär. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Xiao­mi» aw­tou­lag ön­dür­mek üçin «Xiao­mi Au­to­mo­bi­le Co. Ltd.» at­ly kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bu kom­pa­ni­ýa­da 300 adam zäh­met çe­ker. «Xiao­mi» tä­ze kom­pa­ni­ýa­nyň res­mi ýag­daý­da esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, söw­da mak­sat­ly we se­na­gat üçin ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze kom­pa­ni­ýa üçin 10 mil­liard ýu­an (155 mil­li­on dol­lar) bö­lü­nip be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi­ni gys­ga wagt­da ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bi­ler­men­ler bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hy­taý bren­di di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem, dür­li elekt­ron en­jam­la­ry, sa­mo­kat, we­lo­si­ped ýa­ly ýe­ňil ulag­la­ry hem ön­dür­ýär.

Sanly tehnologiýa — medeniýet ulgamynda

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýji durmuş-ykdysady maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlara sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özgertmeler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipesini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, olary üç tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň ikinji tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyr 2020—2023-nji ýyllary öz içine almak bilen, degişli döwürde ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Elektron resminama dolanyşygy we döwrebap ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ugurdyr pudaklaryny mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmek, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmak, olary barha ilerletmegiň berk kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine doly laýyk getirmek, durmuş taýdan ösen kämil jemgyýeti gurmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Islendik döwletiň esasy alada-tagallalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem baý tejribesi toplandy. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem ykdysadyýeti ösdürmekde sanly usullara daýanylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady.

«Ford» kompaniýasy pikaplaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

«Ford Motor» kompaniýasy soňky wagtda müşderilerden gelýän talaplaryň artýandygyny nazarda tutup, 2022-nji ýylda önümçilige goýberilmeli elektrik hereketlendirijide işleýän ýük göterýän ýeňil awtoulagynyň (pikabynyň) önümçiligini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, «Ford Motor» kompaniýasy 2024-nji ýylda 80 müňden gowrak awtoulag öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu maksat üçin «Ford Motor» goşmaça ABŞ-nyň 850 million dollary möçberinde pul serişdesini sarp eder.

San-Fransiskoda sürüjisiz taksiler öz işine başlady

Sürüjisiz ulaglary öndürýän «Waymo» kompaniýasy San-Fransiskoda täze sürüjisiz taksi taslamasyny ýola goýdy. Indi şäheriň ýaşaýjylary elektrik hereketlendirijide işleýän «Jaguar I-PACE» ýeňil awtoulagynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Häzirlikçe synag tertibinde hereket edýän meýilnamadan şäheriň ýaşaýjylary «Waymo One» programmasyny internete bagly bolan enjamlaryna ýükläp, peýdalanyp bilerler. Ýolagçy bu programma arkaly öz salgysyny ýazyp, taksi çagyryp biler. Awtoulagyň içinde ýolda bolup geçýän wakalary görkezýän ýörite ekran hem-de taksini islän ýeriňde saklamak üçin düwme ornaşdyrylypdyr.

«Samsung» täze meýilnamasy üçin ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär

«Samsung» kompaniýasy geljek üç ýylda önümçiligini, şol sanda 40 000 adam işe almak bilen bilelikde, ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberine çenli maýa goýum goýmak meýilnamasyny işläp düzdi. Bu meýilnama maýa goýum babatda kompaniýanyň öň yglan eden 2030-njy ýyla çenli ýarymgeçirijileri öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýa ABŞ-nyň 151 milliard dollary möçberinde maýa goýmak maksatnamasyny hem öz içine alýar. Maýa goýumlar telekommunikasiýa, robot önümçiliginde ylmy-barlag we işläp-taýýarlama işlerine, şeýle hem zerur enjamlary satyn almaga gönükdirilendir.

Tim Kuk «Apple» korporasiýasynyň 5 million paýnamasyny satyn aldy

«Amerikanyň «Apple» korporasiýasynyň başlygy Tim Kuk geçen hepdäniň penşenbe güni «Apple» tarapyndan çap edilen «SEC» resminamasyna görä, ABŞ-nyň 750 million dollaryna kompaniýanyň 5 million paýnamasyny satyn aldy. «CNBC»-niň habaryna görä, munuň özi, paýdarlar jemgyýetiniň üstünlikli işlemegi üçin, onuň alyp biljek iň soňky baýragydyr. Tim Kuk 2011-nji ýylda baş direktorlyk wezipesine girişeni bäri «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 1200%-den gowrak artdy. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň penşenbe günündäki birža söwdalarynda korporasiýanyň paýnamalary 0,55% arzanlap, ABŞ-nyň 147,54 dollaryndan satyldy.

«Microsoft» kiberhowpsuzlyk üçin maýa goýum goýar

«Microsoft» kompaniýasy kiber hüjümleriň öňüni almak maksady bilen, öňümizdäki 5 ýylda ABŞ-nyň 20 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Bu maýa goýumdan başga-da, «Microsoft» kompaniýasy howpsuzlyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin, federal, döwlet we ýerli guramalara ABŞ-nyň 150 million dollar möçberinde tehniki hyzmatlary hödürlär. Şeýle hem kiberhowpsuzlyk bilim maksatnamalary üçin, jemgyýetçilik kollejleri we telekeçilige degişli bolmadyk guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňelder. Kompaniýanyň degişli bilermenleri bu barada tehnologiýa ýolbaşçylarynyň hem-de hususy pudaklaryna häzirki kiberhowpsuzlyk üçin mümkin bolan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdiler.