Öý bikesiniň ýakyn kömekçisi

25 Awgust 2021
2063

Hojalygymyzda yzygiderli ulanýan arassaçylyk enjamlarymyz biziň gündelik durmuşdaky işlerimizi has-da ýeňilleşdirýär. Bu bolsa köp wagtymyzy maşgalamyz bilen bilelikde geçirmäge, peýdaly zatlar bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýär. Zenanlaryň gündelik ulanýan şeýle enjamlarynyň biri-de, tozan sorujy enjamlardyr. Tozan sorujy arassaçylyk işlerini doly we talabalaýyk ýerine ýetirýär. Biz munuň şeýledigine käbir mysallara ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Tozan sorujy bilen arassaçylyk işlerini ýerine ýetirenimizde halynyň we beýleki ýerlerde gizlenip ýatan tozanlaryň ýokary galyp, otaglaryň howasynyň hapalanmazlygyny üpjün edýär. Haçan-da, halyny sübse ýa-da başga zat bilen yzygiderli arassalanyňda onuň ýüzi tüýjermäge ýakyn bolýar. Şonuň üçin öý bikeleri tozan sorujy bilen halyny we otaglary arassalamagy saýlaýarlar. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda bu peýdaly enjamyň taryhy we onuň bilen bagly gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, tozan sorujy enjam saç guradyjynyň esasynda oýlanyp tapylýar. XIX asyrda alymlar tozan sorujyny döretmek üçin birnäçe ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. 1860-njy ýylda amerikaly oýlap tapyjy Deniel Hess onuň hötdesinden gelmegi başarýar. Ýöne Hessiň tozan sorujysy diňe pollary arassalamak üçin peýdalanylypdyr. «Haly süpüriji» diýlip atlandyrylan ilkinji el bilen işleýän tozan sorujy enjam häzirkilere garanyňda has agyr bolupdyr. 1868-nji ýylda ABŞ-nyň Çikago ştatynda, 1876-njy ýylda Miçigan ştatynda Hessiň tozan sorujysyna meňzeş enjamlar peýda bolup başlaýar. Şol döwrüň tozan sorujylaryny iki adam bolup işletmegiň mümkindigi barada maglumatlarda beýan edilýär. Bu tozan sorujylar myhmanhanalarda giňden peýdalanylypdyr.

Çaryguly HANJAÝEW,
žurnalist.