Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýji durmuş-ykdysady maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlara sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Konsepsiýa ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipesini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, olary üç tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň ikinji tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyr 2020—2023-nji ýyllary öz içine almak bilen, degişli döwürde ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.