Ýer ýüzünde 4,8 milliard işjeň internet ulanyjysynyň bardygy mälim edildi. Bu görkeziji dünýä ilatynyň 60 göterimine golaýyny emele getirýär. Ulanyjylaryň 92 göterimi internete mobil enjamlar arkaly birigýärler. Ulanyjylaryň sany soňky bir ýylda 257 million köpelipdir. Häzirki wagtda internet ulanyjylarynyň sany her ýylda 5,7 göterim artýar.
Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynda aragatnaşygyň ösen görnüşi ilatyň 96 göterimi üçin elýeterli bolup, bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Ilat sanyna görä internetiň elýeterliliginde Birleşen Arap Emirlikleri, Daniýa we Şwesiýa öňdeligi eýeleýär. Internet ulanyjylarynyň umumy sany göz öňünde tutulanda Aziýa öňdeligi eýeleýär. Bu yklymda 2,5 milliard adam internetden işjeň peýdalanýar. Ikinji ýerde Ýewropa yklymy bolup, sebitdäki ulanyjylaryň sany bolsa 728 milliona ýetýär.