«Amerikanyň «Apple» korporasiýasynyň başlygy Tim Kuk geçen hepdäniň penşenbe güni «Apple» tarapyndan çap edilen «SEC» resminamasyna görä, ABŞ-nyň 750 million dollaryna kompaniýanyň 5 million paýnamasyny satyn aldy. «CNBC»-niň habaryna görä, munuň özi, paýdarlar jemgyýetiniň üstünlikli işlemegi üçin, onuň alyp biljek iň soňky baýragydyr.
Tim Kuk 2011-nji ýylda baş direktorlyk wezipesine girişeni bäri «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 1200%-den gowrak artdy. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň penşenbe günündäki birža söwdalarynda korporasiýanyň paýnamalary 0,55% arzanlap, ABŞ-nyň 147,54 dollaryndan satyldy.