HABARLAR

Kämil nesil — bagtyýar geljek

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Nesil aladasy, onuň bilimi we terbiýesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki ýaş nesil Watanymyzyň geljegi, daýanjy hasaplanylýar. Olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri bolsa esasy şertdir. Halkymyzda irki döwürde-de çaga terbiýesi esasy orunda durupdyr. Çaga terbiýesine ene göwresindekä başlamaly diýlen ýörelgeden ugur alnypdyr. Çaga doglandan soň, ol maşgalanyň terbiýesi, okuw ýaşyna ýetensoň, mekdebiň terbiýesi bilen gurşalýar. Netijede, ýaş ynsanyň edep-ekramly şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, soňra tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligi ýüze çykýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet derejesine ýetmegi maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň bilelikdäki tagallasynyň netijesine baglydyr.

Sagdyn jemgyýetiň binýady

Jemgyýetiň esasy özeni bolan maşgalanyň abatlygy, agzybirligi, bitewüligi berk döwletiň mizemez sütünidir. Maşgala özara ylalaşyk, mähir-söýgi, bir-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly möhüm gatnaşyklary goldaýan adamlaryň jeminden emele gelýän bitewülikdir. Maşgalada ene-atanyň, är-aýalyň, çaganyň, doganyň, aga-ininiň, gelniň her biriniň öz orny, derejesi bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyklar ahlak we hukuk kadalary bilen kadalaşdyrylýar. Maşgala gatnaşyklarynda maşgalanyň her bir agzasynyň öz ornunda durup, hukuklaryny, borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetiren ýagdaýlarynda jemgyýetde kämil maşgala emele gelýär we ol jemgyýetiň beýleki agzalary tarapyndan sylag-hormata eýe bolýar. Durmuşda özüniň eýeleýän orny boýunça dürli şahsyýetleriň jemgyýetde eýeleýän derejelerine garamazdan, maşgala gatnaşyklary köpçülik tarapyndan ykrar edilen umumy ahlak we döwlet tarapyndan kabul edilen ýeke-täk hukuk kadalaryna eýerýär.

Çagalaryň saglygy - ýurduň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda körpe nesliň saglygyny, kadaly ösüşini üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň goraglylygy, sagdyn ösüşi bagtyýar ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň beden we akyl taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen bolmagy, oňat bilim almagy üçin köpugurly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Meşhur nygmatlar

Pişme Halkymyzyň toý-baýramlarda naz-nygmatly saçagynyň aýrylmaz bölegi onuň milli tagamy bolan pişmedir. Arassa bugdaý unundan şekerli we şekersiz görnüşde, gyýçak şekil berlip, gyzgyn ýagda bişirilýän bu tagam ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde «bogursak», Balkan, Ahal, Mary ýaly günorta-gündogar çäklerinde bolsa «pişme» diýlip atlandyrylýar. Özboluşly tagama eýe bolan pişmäni toýlarymyzda ýagşy niýetler bilen bişirmek halkymyzyň asylly däbine öwrülen adatdyr.

Ýaşlara zähmet terbiýesini öwretmek

Çaga terbiýesiniň, esasan, maşgalada, mekdepde, jemgyýetçilik ýerlerinde berilýändigi hemmelere mälimdir. Bularyň tagallasy birleşende, biz öz öňümizde goýan maksadymyza ýetip bileris. Bu meselede ataenäniň hem, mugallymyň hem möhüm orny bardyr. Bu ýerde her kimiň öz üstüne düşýän jogapkärçiligi, görkezmeli göreldesi bar, ýöne zähmet terbiýesinden başlap, ähli terbiýäniň düýbüniň maşgalada tutulýandygyny bellemek gerek. Çagalara aýdylýan hüwdi owazynyň mazmunynda hem edepündewiň ençeme kökeni bardyr. Ataenäniň abraýy jemgyýetde we maşgalada olaryň özlerini alyp barşy bilen kesgitlenilýär. Perzent hemişe öz ataenelerinden görelde alýar, olaryň zähmete we beýleki ugurlara garaýşyna, amal edişlerine syn edýärler. Şoňa göräde, ataeneleriň göreldesi çagalarynyň hem endiklerine, gylykhäsiýetlerine täsir edýär.

Mähir akabasy

Enäniň ýüreginiň älem ýaly giň, umman ýaly çuňlugyna Zemindäki ähli mähremligiň eziz enelerde jemlenendigine Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Aslynda, ene barada oýlananyňda, her bir adamda, aýratynam, gyz çagada öz enesinden geçen häsiýetleriň gaýtalanýandygyny görýärsiň. Enäniň perzendini ezizleýşiniň, söýüp-söýgüleýşiniň hiç zat bilen ölçäp bolmajak derejede ýokarydygyny beýan edýän mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri bize hemişe ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitapdaky aňyňa, suňňüňe ornaýan jümleler özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem, wagtal-wagtal käbämiň nurly keşbi göz öňümde janlanyberende bu eseri elime alanymy hem duýman galýaryn. Sebäbi kitapda beýan edilýän enäniň perzende garaýşy baradaky wakalar süňňüňi bogun-bogun söküberýär. Hormatly Prezidentimiziň ene baradaky bu kitabynda öz mähriban ejesi hakynda: «Uýalarym babatda ol talapkärdi, ýöne bu diňe gyz perzendiniň edep-terbiýesi bilen baglanyşyklydy. Okuwdan ýa-da işden gelýän gyzlaryndan gününiň nähili geçendigini sorap, olara mähir bilen serederdi. Käteler bolsa bile oturyp, iňňän gyzykly söhbet ederdi» diýýär. Ýadymda galan şu jümleler gyz perzendiň enäni

Şirin-şeker sözleri

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uzak ýaşly ene Bagty Hojamowalaryň döwletli maşgalasynda ilkinji ýuwlugyň dünýä inendigini eşidip, mährem enäni gutlamaga howlukdym. Kümüş saçly ene sallançagyň alaja bagyny çekip oturyşyna, mylaýym hüwdülere hiňlenýärdi. Ukynyň arasynda kä ýylgyryp, kä seňrigini ýygryp ýatan gyzjagaza guwançly nazaryny aýlap: — Bu meniň Sahujemalym, ilkinji ýuwlugym. Gahryman Arkadagymyzyň gurup berýän eşretli zamanasynyň bagtly balasy. Şeýle bagta ýetmek her kime nesip etsin! — diýip, maňa töre geçmegi mürähet etdi. Men, ilki bilen, balajygy ýüzüme syldym. Bagty enäniň perişde kimin mylaýym, mähriban keşbini synlap oturmaklygyň ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýandygyny aňdym. Soňra bolsa:

Ene mähri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakdaky alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň birjik-de ünsden düşürilmeýän wajyp ugrudyr. Aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi, olaryň zähmet we durmuş şertleri, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meseleler milli kanunçylykda öz doly beýanyny tapdy. Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga, saglygyna seretdirmäge, durmuş üpjünçiligine bolan we beýleki esasy hukuklary diňe bir kanunçylykda üpjün edilmän, eýsem, olar döwlet tarapyndan doly kepillendirilýär. Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgyýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Çünki zenan — ene, zenan — hünärmen, zenan — ýolbaşçy, zenan — zähmetkeş... şularyň her biriniň aňyrsynda iner ýüki jogapkärçilik ýatyr. Ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşlerine we özgerişlerine mynasyp goşant goşup gelýän şol zenanlaryň sarpasy bu günki gün has belentden tutulýar.

Durmuş öwrümleri hakda oýlanma

Pederim hakda oýlananymda çagalyk döwrümdäki ýatlamalar kalbymy heýjana salýar. Pederim, sen maňa deň-duşuň, ýürekdeş dostuň hökmünde garardyň. Meniň bilesigelijilik bilen soraýan sowallarymy jogapsyz goýmazdyň. Bir gün dostluk baradaky gürrüňimizde: «Oglum, hemişe kitaby dost tutungyn, çünki ol hiç mahal ýalňyşdyrmajak dogry ýoly salgy berýändir» diýipdiň. Işiň juda kändigine garamazdan, gündelik wagtyň bir bölegini çagalaryňa sarp ederdiň. Teleýaýlyma bileje oturyp tomaşa ederdik, gazet-žurnallary okardyk. Soňra ara alyp maslahatlaşardyk, düşünmeýän zatlarymy howlukman düşündirerdiň. Mekdebiň sport meýdançasynda top oýnardyk, mellek ýerimizde işlärdik. Nirä gitseň-de, köplenç, ýanyňdan goýmazdyň. Hiç mahal gaharlanan, ajy söz aýdan wagtyňa gabat gelmändim. Islendik meseläni parahat çözerdiň, oýlanman söz aýtmazdyň. Men şeýle pederimiň bardygyna buýsanardym. Şol döwürler aňymda hemişe sen ýanymda bolaýjak ýalydyň. Emma durmuş pikir edişimçe däl eken. Durmuş öwrüm-öwrüm, belentli-pesli ýaýylyp gidýän soňy görünmeýän ýol ýaly eken. Tomus aýlarynyň bir günüdi. Sen üzüm teläriniň saýasynda ertirlik edinip otyrdyň. Men bolsa obamyzyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän ekerançylyk meýdanyna işe gitmek üçin goşlarymy düwýärdim. Bird

Peýdaly maslahatlar

Howa sowan wagtlary egnimize ýyly geýimler geýýäris. Penjeklerimiziň ýakalaryna dürli reňkli daşlardan bezelen gülýakajyklar (broşka) dakynýarys. Käbir dakylýan gülýakalar agyr bolup, ýakalaryň sallanmagyna getirýär. Gülýakany dakyp, onuň yzyna birnäçe gatly pamyk diskini ýa-da ýumşak mata bölegini goýmaly. Ol eşigiň üstündäki ýüki azaldyp, gülýakanyň sallanyp durmazlygyndan goraýar. * * *