Kämil nesil — bagtyýar geljek

4 Noýabr 2021
1920

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Nesil aladasy, onuň bilimi we terbiýesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki ýaş nesil Watanymyzyň geljegi, daýanjy hasaplanylýar. Olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri bolsa esasy şertdir.

Halkymyzda irki döwürde-de çaga terbiýesi esasy orunda durupdyr. Çaga terbiýesine ene göwresindekä başlamaly diýlen ýörelgeden ugur alnypdyr. Çaga doglandan soň, ol maşgalanyň terbiýesi, okuw ýaşyna ýetensoň, mekdebiň terbiýesi bilen gurşalýar. Netijede, ýaş ynsanyň edep-ekramly şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, soňra tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligi ýüze çykýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet derejesine ýetmegi maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň bilelikdäki tagallasynyň netijesine baglydyr.

Batyr AŞYRKULYÝEW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.