Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiligini öwrenmek, onuň gymmatly pikirlerini ýaşlara düşündirmek, wagyz-nesihat etmek terbiýeçilik işleriniň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, çagalary terbiýelemekde, ýaşlara bilim bermekde halk döredijiligi gymmatly gollanmadyr.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhy iňňän gadymy bolup, onuň halk döredijiligi hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şahyrana halk döredijiligi halkymyzyň geçmiş taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigata, ondaky bolup geçýän hadysalara bolan gatnaşygy ýaly onlarça ugurlary öz içine alýar. Türkmen halk döredijiliginiň duýguly owaz bilen ýerine ýetirilýän iň gadymy görnüşleriniň biri «Eneleriň aýdymy» hasap edilýän hüwdülerdir. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri arzuw-islegleri, garaýyşlary beýan etmekden, däp-dessurlardan, gündelik durmuşdan döräp, ýerine ýetirilişi, tertip-düzgüni bar bolsa, hüwdülerde olar ýaly şert derwaýyslygy ýokdur. Hüwdi eneleriň öz perzendine bolan mährinden, söýgüsinden dörändir. Hüwdini aýtdyrýan güýç onuň şirin owazy hem eneleriň öz balasyna bolan mähridir, söýgüsidir. Şeýle hem hüwdi ýekelikde ýerine ýetirilýän, halk içine örän giň ýaýran, her bir çagaly öýde inçe duýgy bilen aýdylýan aýdym mysaly goşgudyr.