HABARLAR

Döwrebap Tiz kömek merkezi

Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilen. Bu ýerde işleýän kärine ezber lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly näsaglara ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berýärler. Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we okuw bölümlerinden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminde näsaglara ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär hem-de degişli otaglardaky ykjam enjamlaryň üsti bilen olaryň keselleri anyklanylýar.

Saglygymyz öz elimizde

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini pugta berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Netijeli işler, ýürekden çykýan alkyşlar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, mundan bir ýyl ozal Saýat etrabynyň ýaşaýjylary hem-de saglygy goraýyş işgärleri ajaýyp serpaýa eýe boldular. Etrap merkezinde durky täzelenilen we mümkinçilikleri döwrebaplaşdyrylan hassahana şondan bäri etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary derejede hyzmat edip gelýär. Döwrebaplyk — bu saglyk merkeziniň esasy aýratynlygy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly öňdebaryjy döwletleriň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdylan hassahana ajaýyp döwrümizde okgunly ösüşleriň ähli sebitlere deň ýaýylýandygyny görkezýär. Bu ýerde şeýle döwrebap enjamlaryň 200-den gowragy bar.

«Dürdür bu janyň lezzeti...»

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda Magtymguly atamyzyň köpgyraňly şygryýetine ýokary baha bermek bilen, akyldar şahyrymyzyň ähladamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen şygryýet ummanynyň içinden ynsan saglygy hakyndaky öwüt-ündewleriň eriş-argaç bolup geçýändigini nygtaýar. Sagdyn iýmitlenmek, arassa ýaşamak, päkizelik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde esasy orny tutmagy halkymyzyň jan saglygy bilen bagly meselä owaldan-ahyra aýratyn üns berendiginden habar berýär. Çünki sagdyn ýaşaýyş — kämil jemgyýetiň hamyrmaýasy. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen paýhasy döredipdirler. Magtymguly atamyz hem hut şonuň üçin: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýan häzirki döwründe Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny kalbymyza guýşumyz ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ot-çöplerden ýerlikli peýdalanmagy hem başarmagymyz gerek. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary ýakyn ýardamçymyzdyr. Biz ýokary okuw mekdebimizde talyplar bilen geçýän sapaklarymyzda Milli Liderimiziň halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrülen eserleri barada giňiş

Ýöremek — juwanlygyň syry

Arassa howadan dem almak, ýöremek ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen sözlerinden ugur alyp, bu günki gün ýurdumyzda Saglyk ýoluna yzygiderli ýörişe çykylýar. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda adam saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda uly tagallalar edilýär. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özi hem Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Hem ýokumly hem peýdaly

Saçaklarymyza görk berýän miweleriň biri-de hurmadyr. Ol diňe bir görk bermän, eýsem, saglygymyz üçin hem diýseň peýdaly önümdir. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Onuň düzüminde С ýokumy, uglewodlar, organiki turşular we şeker saklanýar. Şol sebäpden ol ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar.

Aňasty güýç

Adam beýnisinde aňasty güýjüň bardygyny, belki, hemmämiz bilýän hem däldiris. Muny amerikaly ýazyjy, psiholog Jozef Mörfin subut edip, özüniň ýörite «Aňasty güýç» atly kitabyny hem ýazýar. Kitapda, hakykatdan-da, aňasty güýji bilen birnäçe kynçylyklary we keselleri ýeňip bolýandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ähli döwürleriň ägirt şahsyýetleriniň iň uly syry aňasty güýçleri bilen baglanyşyp gurup bilmegindedir. Muny siz hem edip bilersiňiz.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Saglyk — beglik

♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. ♦Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp,  yzygiderli kabul etmeli.