Aslynda, saz diňlemäge göwnüňi açmagyň we dynç almagyň serişdesi hökmünde garalýar. Ýöne geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine ser salanyňda, olaryň ynsan saglygyna hem örän uly täsiriniň bardygyny aýdyp bolar. Saz lezzet almagyň çeşmesi, şol bir wagtyň özünde onuň birnäçe psihologik täsirleri hem bar. Saz beýniniň rahatlanmagyna, bedeni gurplandyrmaga, hat-da adamlaryň yzasynyň hem azalmagyna öz täsirini ýetirýär.
Saz diňledilýän restoranlarda saz goýberilmeýän restoranlara garanyňda, iýmitiň az iýilýändigini geçirilen barlaglar görkezýär. Edil şonuň ýaly hem, operasiýa geçiren näsaglaryň saz diňlänleri çekilýän yzalarynda saz diňledilmedik näsaglara garanyňda, özlerini çalt ele alýandygy barada maglumatlarda bellenilýär. Saz terapiýasy saglygyňy berkitmäge, näsaglaryň özlerini gowy duýmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Saz diňlemegiň peýdaly taraplary hakynda şulary görkezip bolar: