Güýz aýlarynda miwesi mazaly süýjäp, hasyly ýetişýän miweleriň biri-de beýidir. Häzirki wagtda ak bazarlarymyzda ýakymly ysy kükäp duran bu miwäniň bollugyny, her bir raýat üçin elýeterlidigini görmek bolýar. Ýurdumyzyň birnäçe ýerinde beýiniň ýörgünli ady «aýwa» diýlip hem tanalýar. Beýiniň adam saglygyna örän peýdalydygy üçin, ol ir döwürlerden bäri şypa beriji miwe hasaplanyp gelinýär. Onuň asyl gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplansa-da, keremli türkmen tebigaty hem bu miwäni ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri özünde jemläpdir. Şeýle bolansoň, bu gün güneşli Diýarymyz beýiniň boldan ýetişdirilýän mekanlarynyň biridir.
Beýi — nerw dartgynlylygyny köşeşdirýär, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, bedendäki zyýanly duzlary aýyrmaga, aşgazan ýaralaryny bejermäge ýardam edýär, göz görejiniň ýitelmegini goldaýar, iýmit siňdiriş ulgamyndaky bozulmalaryň öňüni alýar hem-de sazlaýar, gany arassalaýar, sowuklama we sarygetirme kesellerini bejermekde hem uly peýdasy bar. Hatda beýi agajynyň güli hem adamyň ruhuna rahatlyk berýär.