Saglyk her adam üçin hem, tutuş jemgyýet we döwlet üçin hem iň uly baýlykdyr. Şu ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleri esasynda binýady berkden tutulan milli saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da ösdürilýär.
Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi, hususan-da, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işe girizilmegi Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän irginsiz aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Raýatlaryň saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, inçe hünär ugurly lukmanlary taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr.