HABARLAR

Sepgitde sagdyn boluň!

Güýz paslynyň gelmegi bilen ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. *Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Türkmen tebigatynyň baýlyklary

Ata Watanymyzyň derde derman bolan mukaddes topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenmek hem-de lukmançylykda peýdalanmak, olardan ýokary hilli täze derman serişdelerini almak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tarapyndan ylmy-tejribe işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň dürli kesellerde we ýarawsyzlyklarda giňden ulanan dermanlyk ösümliklerini häzir hem lukmançylykda peýdalanmak arkaly, ýaş nesliň sagdynlygyny gazanmaga itergi berilýär. Lukmançylykda bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri uly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Çünki saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetinde durmuşyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Has dogrusy, ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir.

Sagdynlyk — bagtyýarlygyň sakasy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanmak bilen, sporty we bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwürýän ýaşlar kemala gelýär. Halkymyzda ähli döwürlerde hem nesiller sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelenipdir. Berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn nesil baradaky alada ileri tutulypdyr. Taryha nazar aýlanymyzda, hereketli çaga oýunlarynyň döredilmegi çagalary durmuşa taýýarlamagy maksat edinen özboluşly sagdynlyk mekdebi bolup hyzmat edipdir we olarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bilen utgaşýar. Bu ugurda amala aşyrylýan tutumly işler munuň aýdyň subutnamasydyr. «Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sa

Saglyk — beglik

♦Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý ediň.

Saglygy söýleýän setirler

Hiç iş etmezden sagdyn bolmak isleýän adam edil dymmak bilen öz suhangöýligini ösdürjek bolýan adama meňzeşdir.Plutarh.*  *  *Uzak wagtlap fiziki hereketsizlik ýaly adamy kesele duçar edip biljek howply zat ýokdur.Aristotel.*  *  *Bagtymyzyň esasy bölegi saglyga bagly.Sokrat.*  *  *Bedenterbiýe, ýöremeklik iş ukybyny, saglygyny saklamak isleýän her bir adamyň gündelik durmuşyna berk girmelidir.Gippokrat.*  *  *Saglyk — bu hemme zat däl, ýöne hiç bir zat saglyksyz netijeli däldir.*  *  *Saglygyň dikelmegine bolan umyt sagalmagyň ýarysydyr.Wolter.*  *  *Bedeni berkitmek üçin edilýän maşklar köp dermandan güýçlüdir, aslynda, hiç bir derman şol maşklaryň ornuny tutup bilmez.A. Mosso.*  *  *Iň sagdyn we owadan adamlar bolgusyz zatlara gahary gelmeýän adamlardyr.G. Lihtenberg.

Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  etrap geňeşi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-ündew çäresini geçirdik. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy taýdan baý, beden taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endiklerini ösdürmek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada gürrüň edildi. Çärede çykyş eden ýaşlar özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, munuň üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Hassa bolmazdan burun...

Güýzde howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli; Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly;

Öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti

Maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da has kä­mil de­re­jä ýet­di. Döw­re­bap sag­lyk öý­le­rin­de zäh­met çek­ýän maş­ga­la luk­man­la­ry ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ila­tyň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Ýur­du­myz­da ke­se­liň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy azal­dy. Bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­ler — dra­kun­kul­ýoz, ýa­ba­ny po­lio­mi­ýe­lit, gy­za­myk, gy­zyl­ja we gyz­dyr­ma ke­sel­le­ri düý­bün­den ýok edil­di. Bu iş­ler hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di we de­giş­li gü­wä­na­ma­lar bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da ke­se­liň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň üs­ti dol­du­ry­lyp, me­ýil­na­ma go­şul­ýar. 2016-njy ýyl­da po­pi­lo­ma, 2019-njy ýyl­da bol­sa pnew­mo­kokk we ro­to­wi­rus ýo­kanç­la­ry­na, ge­pa­ti­tiň A gör­nü­şi­ne gar­şy öňü­ni alyş san­jym­la­ry gi­ri­zil­di.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

■ Pasla görä geýinmeli; ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Zyýanly endiklerden daşda durmaly;

«Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil...»

Pas­la gö­rä ge­ýin­me­li; Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly. Zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­ly;