Öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti

17 Sentýabr 2024
394

Maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da has kä­mil de­re­jä ýet­di. Döw­re­bap sag­lyk öý­le­rin­de zäh­met çek­ýän maş­ga­la luk­man­la­ry ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ila­tyň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.

Ýur­du­myz­da ke­se­liň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy azal­dy. Bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­ler — dra­kun­kul­ýoz, ýa­ba­ny po­lio­mi­ýe­lit, gy­za­myk, gy­zyl­ja we gyz­dyr­ma ke­sel­le­ri düý­bün­den ýok edil­di. Bu iş­ler hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di we de­giş­li gü­wä­na­ma­lar bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da ke­se­liň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň üs­ti dol­du­ry­lyp, me­ýil­na­ma go­şul­ýar. 2016-njy ýyl­da po­pi­lo­ma, 2019-njy ýyl­da bol­sa pnew­mo­kokk we ro­to­wi­rus ýo­kanç­la­ry­na, ge­pa­ti­tiň A gör­nü­şi­ne gar­şy öňü­ni alyş san­jym­la­ry gi­ri­zil­di.

Aý­ja­han PAL­TA­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 7-nji sag­lyk öýü­niň baş luk­ma­ny.